Halkymyzyň arasynda palawy köp ýyllar mundan ozal Lukman Hekim oýlap tapypdyr diýen gürrüň bar. Lukman Hekim bu nahara “Palaw aş” diýip at beripdir. Onuň her bir harpy palawa goşulýan önümleriň atlaryny aňladýar. Geliň, bu harplar bilen gysgaça tanyş bolalyň:

P— “pyýaz” sogan

A—“aýez” käşir

L—“lahm” et

O—“oliýa” ýag

W—“wet” duz

 

A— “ab” suw

Ş—“şaly” tüwi

Bu sözler şol döwürde ulanylan şiwe sözleridir. Ibn Sina palawy derman hökmünde döredip, bedeninde çiş dörän Buhara hökümdaryny bejeripdir we ony aýaga galdyrypdyr. Elbetde, palow köp derdiň dermany hasaplanyp, ilkinji nobatda hem ganyňy  arassalaýar.  Ganyňy arassalamak bilen bir hatarda onuň düzümine ýokumlulyk we gujurlulyk berýär. Galyberse-de palow aşgazandaky we bedendäki gerekmejek zyýanly suwlary özüne siňdirýär. Il arasynda “hepdede bir gezek balyk we palaw iýýän adamyň ýanyna dert gelmez” diýen aýtgy hem bar. Goý öýleriňizde gazanlar atarylyp, buglanyp dursun!