Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Palawyň ysy

(Gülküli kyssa)

Men heniz çagakam örän bilesigelijidim. Hemişe ulularyň gürrüňleri  bilen  gyzyklanar ýörerdim. Özümi gyzyklandyrýan zatlaryň ählisini enemden ýa-da goňşymyz Bibi daýzadan sorardym. Enem goňşular bilen gürrüňe gyzyşanda olaryň gürrüňleriniň köpüsine düşünmezdimem. Sekiz  ýaşly çaga halyňa uly ýaşly aýallaryň  gürrüňine  nädip düşünjek  diýsene?! Şonda-da  diňlemämi  goýmazdym. Garaz, enem  bilen Bibi daýza çaý başynda otursalar dagy günüň ýarsyny gürrüň edip geçirýärdiler.
— A gyz, Bibi diýýän-ä, agtyjagym Şirinjandanam-a  palawyň  ysy gelýär. Düýn  ilerki  obadan Annabaý Çakanlaryň ogly Pälwan üçin Şirine sözaýdyjy geldiler. Ýigit biraz gara diýmeseň, gowy maşgala. Şirinjanam göwnese, sözlerini  alaýsakmykak  diýýäris.
— Waý, Ogultäç, könelerimiz «Garadyr-guradyr öz ilinde töredir» diýipdirler. Ýigit diýeniň gara bolmazmy. Saman astyndan suw goýberen  bolmasa bolýar. “Ýagşy  niýet — ýarym  döwlet” diýipdirler, ýagşy  umytda  bol!
Enem bilen Bibi daýza gürleşenlerinde nakyllary köp  aýdardylar. Şo-da  meni  has hem gyzyklandyrýardy. Bir gün mekdepde mugallymymyz bize nakyl öwrenip, olaryň manysyny giňişleýin düşündirmegi tabşyrdy. Men enem bilen Bibi daýzanyň gürrüňlerinden eşiden  nakyllarymy ýazdym. Şolaryň içinde «Palawyň ysy gelýär» diýen sözlemem bardy. Men Sona mugallyma nakyllary aýdyp, manylaryny giňişleýin  düşündirmäge başladym. Iň  soňunda-da:
— Sona mugallym, sizden palawyň ysy gelýär — diýdim. Mugallym muny  eşidip  güljeginem bilmedi, gaharlanjagynam. Ol:
— Dürdäne, sen näme diýýäň?! — diýip, geňgalyjylyk bilen seretdi. Men:
— Enem bilen Bibi daýzamyň gürrüňlerinden eşitdim. Olar elmydama  gürlänlerinde  bir–birlerine  nakyllar  arkaly jogap gaýtarýarlar. Bir gün enem doganym Şirinden palawyň ysynyň gelýänini aýtdy. Gyz maşgala sözaýdyjy gelende gyz tarap hem razy bolsa «Palawyň ysy gelýär» diýilýär eken. Häli siz telefonda joraňyz Kümüşe Myradyň size guda ugradanyny aýtdyňyz. Men ony tötänden eşitdim. Diýmek, sizdenem palawyň ysy gelýän  bolýar-da?!
Meniň bu sözüme synpdaşlarym bilen birlikde, mugallymymyzam hezil edip güldi. Soň  görüp otyrsam, meniň nakyldyr öýden  jümläm nakylam däl-de, enemiň aýlawly sözleriniň biri eken-ä. Ondan bäri ençe ýyl geçdi. Häli-häzirem mugallymymyza  şol  aýdan sözlerim  ýadyma  düşende gülküm tutýar.
Arada Sona mugallym ýolda gabat gelende, ýylgyryp ýüzüme  seretdi-de:
— Dürdäne, sendenem-ä  palawyň ysy geler wagty boluberipdir diýdi. Ýeri, men näme diýeýin,  utanjyma ýylgyryp aşak bakaýdym.

Dürli KAKAÝEWA,
«WATAN» radioýaýlymynyň  işgäri.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com