Göwün küýsegiPsihologiýa

Özüňiziň Mosart däldigiňize gynanmaň, belki siz indiki Bahsyňyz.

Hany ýadyňyza salyň, iş günüň dowamynda näçe gezek ünsüňizi sowduňyz? Indi bolsa şol sany 25-e köpeldiň. Gördüňizmi, bir günde näçe peýdaly wagt ýitirýärsiňiz. Irwaýndaky Kaliforniýa uniwersitetiniň professory Gloriýa Markyň ylymy barlamalarynyň netijesinde adam, arakesmeden öňki eden işine täzeden girişmekçi bolsa 25 minut wagtyny sarp edýär, has takyk bolsak—23minut 15sekunt. Onda, her gezek biz bir zada ünsümizi bölsek, oňa harçlan wagtymyzdan başga-da 23minut 15 sekunt wagtymyz gidýän eken. Aýdaly, siz 2minut Twitter okasyňyz geldi, netijede bolsa ýarym sagada golaý önümçilik wagtyňyzy ýitirdiňiz. Şular ýaly ýagdaýda diňe bir siziň önümçiligiňize zeper ýetmeýär, eýsem joşgun duýgularyňyza-da zeper ýetýär. Professor Markyň aýtmagyna görä, yzygiderli ünsüni bölýän adamyň diňe bir önümçiligi peselmek bilen çäklenmän, ol galagoplyga düşüp, keýpsiz hala gelip bilýär. Nädip biz ünsümizi bölýäris we näme üçin bu ýagdaý zyýanly. Ylymy barlaglary geçirmek üçin, professor Gloriýa Mark birnäçe tehniki we maliýe kompaniýalaryň güman etmeýän işgärleriniň ýanyna üç ýarym günlik anyklaýjy synçylary goýupdyr. Olar örän çintgemek arkaly işgärleriň islendik hereketleriniň sekundyna çenli takyk ýazdylar, we adamlaryň bir işden beýleki bir işe her 3 minut 5 sekuntdan geçýänligi anykladylar. Mundan başga-da, barlagçylar, işgärleriň ýarysynyň, öz ünslerini özleriniň bölýändikleri belli boldy, mysal üçin Facbook görýärler. Işgäriň işdeşi bilen iş barada maslahaty üçin ünsüni sowanyny barlagçylar hasaba almadylar. Biz beýnimizi tennis oýnyndaky pökgijik ýaly eýläk-beýläk pyzýarys.Ýöne, pökgüjikden tapawutlylykda beýnä, işiň başlangyç ýagdaýyna dolanmak üçin köp wagt gerek bolýar. Ünsümizi bölmek bilen, biz ähli resursymyzy ters tarapa gönükdirýäris. Ünsümizi bölen beýleki işimize düşünmegimiz üçin wagt gerek bolýar. Ondan soň öz meselämize dolanmak üçin ýene-de şonça wagtymyz gidýär. Mesele diňe bir wagtyň artyk harçlanmagynda däl, eýsem bu ýagdaýda biz çynymyz bilen täzeden işe girişip bilmeris. Eger-de adam her 10 minutdan meseleden meselä böküp dursa, onda nädip ol ünsüni bir ýere jemläp biler? Ol hiç haçan iş akymyny doly ýola goýup bilmez. Özüňize beýlekilerden ileridirin öýütmäň. Siziň eden pikiriňizi bilmäge rugsat beriň: “Kimdir biriniň meseleden meselä böküp bilmezligi mümkin, ýöne men bu işiň örän çalt hötdesinden gelerin. Men köp meseleli bolup bilerin, ýöne hiç haçan üns nokadymy ýitirmerin”. Özüňizi aldamaň. Ýigriminji asyr menejmentiniň iň abraýly nazarýetçileriniň birisi, Piter Druker, 1966-njy ýylda ýazan “Netijeli ýolbaşçy” atly kitabynda, bu barada duýdurupdy. Mosart bir bada birnäçe eseriň üstünde işläp bilýän eken we olaryň her biri ajaýyp eser bolup çykypdyr. Hawa, Mosart ýokardaky agzalan kada gabat gelmeýän ýeke-täk adam bolup durýar. Ýöne beýleki beýik kompozitorlar—Bah, Gendel, Gaýdn, Werdi—diňe bir eseriň üstünde işleýän ekenler. Olar ilki işlerini gutaryp ýa-da soňa goýup, soň beýleki işe başlaýan ekenler. Her bir ýolbaşçyda Mosardy görüp bolmaz ahyryn. Geliň biziň Mosart däldigimiz, inkär edip bolmajak hakykatdygyny belläliň. Nädip pikirimizi bölmän, ünsümizi işde jemläp bolar. Üns nokadymyzy tapmany öwrenýäris. Size işe girişmek üçin, arakesmesiz wagt toplumlary gerek. Diňe bir işiň üstünde işläň. Hatda ökde hünärmenlere-de işini oňat ýerine-ýetirmek üçin ünslilik gerekdir. Siz häzir, işden ünsüňi bölmekligi planlaşdyrmak bolýar diýmegiňiz mümkin. Meselem: “Häzir bar ünsümi işe bereýin, poçtany bolsa öýlän sagat üçde barlaýaryn”. Ýöne hakykatda, siz işe başyňyz bilen çümersiňiz we poçta barlamany ýadyňyzdan çykararsyňyz. Ýa-da gün tertibiniň taslamasyny düzüp, siz ýeňillik bilen onuň duzagyna düşersiňiz we uzakly gün poçtaňyzy barlap, işi ýatdan çykararsyňyz. Bu köpleriň problemasy. Mysal üçin, edil şonuň ýaly waka Intel kompaniýada bolup geçdi. Haçanda olar işlemeli bolanlarynda, olaryň wagty bolmandyr. Şonda kompaniýanyň menenjerleri, her hepdede dört sagat pikir etmekligi kanunlaşdyrypdyrlar. Işgärler, “pikir sagatlarynda” hatlara jogap bermeli däl we gyssag bolmadyk işlere ünslerini bölmeli däl ekenler. Bu teklip uly üstünlige eýe bolupdyr we işgärler hemme işlerine ýetişipdirler. Mysal üçin, olaryň birisi boş wagty patent taýynlapdyr. Indi siz ünsi bölmäniň we köpmeseliligiň hakyky bahasyny bilýärsiňiz we iş wagtyny, ünsüňizi az böler ýaly edip planlaşdyrmalydygyny bilýärsiňiz. Goý siziň işdeşleriňiz siziň iş wagtyňyzyň arakesmesiz sagatlaryny bilsinler we biderek ýere siziň ünsüňizi bölmesinler, gowusy—siziň peýdaly tejribäňizi öwrensinler. Özüňiziň Mosart däldigiňize gynanmaň. Belki siz indiki Bahsyňyz.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Başa dön tuşu