Biziň gündelik durmuşda ulanýan enjamlarymyzyň aglaba böleginiň zenan maşgalalaryň oýlap tapandygyny megerem bilmeýän bolsak gerek. Geliň olaryň käbirileri bilen tanyş bolalyň.

Mariýa Kýuri 1867-nji ýylda Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde dünýä inýär. Bu zenan heniz çagaka geljekde özüniň birnäçe açyş etjekdigi heniz hyýalyna-da gelmeýär. Kýuri öz doglan şäheri Warşawada we soňra Parižde ýokary bilim alýar. Kýuri 1903-nji ýylda Nobeliň Fizika, 1911-nji ýylda bolsa, Himiýa baýragyna mynasyp bolýar. Ol nobel baýragyny iki ugurdan alan ilkinji alym hasaplanýar.

Meri Anderson. Ulaglardaky aýna süpüriji enjamy oýlap tapan ynsanyň hem zenan maşgaladygyna haýran galaýmaly. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýaşaýan Meri Andersonyň 1903-nji ýylda oýlap tapan açyşynyň täsin taryhy bar. Ol 1902-nji ýylyň gyşynda Nýu-Ýorka trolleýbusda sapara barýan wagty garly howada sürüjiniň aýnany süpürmeginiň kyn bolýandygyna garamazdan, bu işi edýändigine gynanypdyr. Öýüne gelensoň bolsa, aýna süpüriji enjamy ýasamagyň ugruna çykýar.

Nadežda Kožina 1873-nji ýylda etli konserwany oýlap tapýar. Rus zenany bu oýlap tapyşy üçin Wenada geçirilen halkara sergide  medal bilen sylaglanýar. Wengriýada 1900-nji ýylda dünýä inen Mariýa Telkeş 39 ýaşyndan başlap Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçussets tehnologiýa institutynda gün energiýasynyň tehnologiýasyny ösdürmek bilen meşgullanýar. Bu zenan 1947-nji ýylda termoelektrik generatoryny oýlap tapýar.

Geris Kokreýn. Öý bikeleriniň gündelik işlerini ýeňilleşdirýän gap-gaç ýuwujy enjamyň XVII asyrda oýlanylyp tapylandygyna megerem haýran galarsyňyz. 1886-nji ýylda Amerikan oýlap tapyjysy zenan Geris Kokreýniň oýlap tapan bu enjamy soňabaka jemgyýetde has giňden ulanylyp başlanýar. Ol “Hiç kim gap-gaç ýuwýan enjamy oýlap tapmasa, onda meniň özüm bu iş bilen meşgullanjak” diýipdir we bu işi başarypdyr.

Nensi Jonson. Ählimiziň göwün küýsegimiz, esasanam tomus paslynyň datly lezzeti bolan doňdurma taýýarlaýan enjamy Nensi Jonson oýlap tapýar. Şondan öň doňdurma taýýarlamak üçin köp wagt we irginsiz zähmet gerek bolýardy. Emma onuň oýlap tapan enjamy doňdurma taýýarlamagyň wagtyny azaltmak, garyndyny mazaly garmak ýaly häsiýetleri bilen tapawutlanýar we gysga wagtyň içinde giňden ulanylyp başlanýar.

Bulardan başga-da zenan oýlap tapyjylar sanardan kän. Olar durmuşymyzdaky gündelik edýän işlerimizi ýeňilleşdirmek üçin birnäçe açyşlary edip gidipdirler. Dogrudan hem taryha nazar salsak, nusga alarlyk zenanlar bar.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.