Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň DIM-niň ýolbaşçylarynyň 3-nji duşuşygy geçirildi

02-04-2022 / 5006

31-nji martda HHR-niň Tunsi şäherinde Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Ministrler derejesindäki üçünji maslahaty öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Çäräniň başynda HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň Gutlagy okaldy hem-de BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň wideoýüzlenmesi görkezildi.

Öz çykyşynda Ministr R.Meredow nobatdaky duşuşygyň Türkmenistan tarapyndan Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi, bu ýurduň geljekde hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrundaky utgaşykly çemeleşmäniň işlenilip düzülmeginiň mümkinçiligi hökmünde kabul edilýändigini belläp geçdi.

Ministr Owganystanyň gönüden-göni goňşulary bolan alty ýurduň arasyndaky özara hereketleriň geljekde Owganystan boýunça köptaraplaýyn tagallalaryň ilerledilmegine güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary jemleýji resminamalary kabul etdiler. Hususan hem, Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň üçünji maslahatynyň Bilelikdäki Beýannamasy we Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek we amaly hyzmatdaşlyk boýunça Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň Tunsi başlangyçlary kabul edildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com