«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “www.railway.gov.tm” internet saýtynda otly gatnawlary barada nobatdaky täzelik çap edildi.

Onda hususan-da şeýle diýilýär:

Hormatly ýolagçylar!
2021-nji ýylyň april aýynyň 1-den bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de 2 gezek hepdäniň çarşenbe güni Aşgabat-Mary–Türkmenabathepdäniň penşenbe güni Türkmenabat-Mary–Aşgabat ugurlary boýunça we hepde-de bir gezek Aşgabat-Daşoguz boýunça ýekşenbe güni, hepdaniň duşanbe güni Daşoguz-Aşgabat demir ýol gatnawynyň ýola goýulýandygy hem-de welaýatara we şäherara demir ýol gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň 15-nji apreline çenli uzaldylandygy barada habar berýäris.

Ýokarda görkezilen ugurlar boýunça ýolagçy biletleri häzirki wagtda diňe bilet satyş kassalarynda resmileşdirilýär.

Şeýle hem şu günüň dowamynda saýtymyza ýerleşdiren habarymyza görä, şäherara we welaýatara awtobus ugurlary boýunça synag gatnawlary dowam etdirilýär. Hususan-da, 2021-nji ýylyň aprel aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de üç gezek Aşgabat – Daşoguz we Daşoguz – Aşgabat, Aşgabat – Mary we Mary – Aşgabat hem-de hepdede bir gezek Aşgabat – Türkmenbaşy we Türkmenbaşy – Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawynyň ýola goýuldy.