Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Reportaž

«Otly gala» gözelligi

Ýangy gala kanýony Türkmenistanyň owadan ýerleriniň biridir. Ol «Otly gala» diýen many berýär.

Bu özboluşly owadan ýer Balkanabatdan 165 km demirgazykda we Türkmenbaşydan 160 km gündogarda ýerleşýär. Ol ýerli ilatyň hem-de syýahatçylaryň arasynda meşhurlyga eýedir. Kert gaýadaky darajyk köwe çykyp, aklyňy haýran edýän görnüşe bakyp gözüň doýmaýar.

Ýangy gala ençeme asyr mundan ozal tebigatyň gyzyl, ak, sary we narynç öwüşginlerden ýasan äpet we mäkäm galasyny ýada salýar. Onuň reňkleriniň arasynda gyzyl reňk agdyklyk edensoň, ýerli ilat oňa Gyzyldag diýýär. Gadym döwürlerde kanýona Garabogaz kölüniň suwy gelipdir, şonuň üçin hem işi şowlan syýahatçylara bu ýerde balykgulaklar we birgeňsi şekilli reňkli daşlar gabat gelýär. Ýangy galany görmek miýesser edenler bu ýerde ençeme gezek ýaňlanýan owadan ýaňy uzak wagt ýatlap gezýärler.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com