Ösüş döwrebaplygy talap edýär. Bu, hakykatdan-da, şeýle. Biz tehnologiýalar eýýamynda ýaşaýarys. Durmuşyň ähli pudaklaryna täsirini ýetiren öňdebaryjy tehnologiýalar halkara gatnaşylar ulgamyny hem çetde goýmady. Ol döwletleriň alyp barýan daşary syýasatynyň usullaryna öz täsirini ýetirip, diplomatiýanyň häzirki zaman şertlerine uýgunlaşan tärleriniň we usullarynyň kemala gelmegine giň ýol açdy. Munuň özi sanlylaşdyrma eýýamyna gabat gelýän sanly diplomatiýanyň durmuşa berk ornaşmagyna getirdi.

Sanly diplomatiýa – bu ählumumy internet torunyň üsti bilen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň, şol sanda täze media, jemgyýetçilik torlarynyň we beýleki media meýdançalaryň daşary syýasat bilen bagly meselelerde giňden ulanylmagyny aňladýar. Diplomatiýanyň bu görnüşi beýlekiler bilen deňeşdirilende, öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin ulanylýan usullar we maksatlaýyn jemgyýetçilik topary bilen tapawutlanýar. Muňa garamazdan maksatlar döwletiň daşary syýasy gyzyklanmalaryny öňe ilerletmek, milli gymmatlyklary ýaýbaňlandyrmak, ykdysady ösüşi gazanmak, dünýäde howpsuzlygy üpjün etmek, özara düşünişmegi ýola goýmak ýaly yzygiderliligi saklaýar. Başgaça aýdanymyzda, sanly diplomatiýa – bu daşary syýasat bilen bagly täze we öňden bellenen wezipeler toplumynyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly onlaýn usulda çözülmegidir.

Dünýäniň köp döwletleriniň COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolan häzirki şertlerinde daşary syýasatymyzda sanly diplomatiýanyň orny has-da artdy. Anyk aýtsak, sanly diplomatiýa daşary syýasaryň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Milli diplomatiýanyň sanly ugry tapgyrlaýyn amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan wezipeleriň giň toplumuny öz içine alýar. Häzirki wagtda onuň yzgiderli we ulgamlaýyn ýola goýulmagy boýunça degişli işler alnyp barlyp, halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöşriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy gişeltmek göz öňünde tutulýar. Hormtly Prezidentimiziň ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň öňünde kesgitlän wezipelerini döwrüň talabyna laýyklykda, hususan-da, diplomatiýanyň ähli usullaryny utgaşdyryp ýerine ýetirmek bolsa biziň mizemez borjymyzdyr.

Aýna NAZARGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.