Slide
Slide
previous arrow
next arrow


PsihologiýaSlider

Olar näme üçin sary reňkde?

25-03-2022 / 5139

Üns berýän bolsaňyz, multfilm gahrymanlarynyň köpüsi sary reňkdedir. Meselem, Simpsonlar, Minionlar, Gubka Bob, Batters, Winni Puh… Bu näme üçin beýle? Munuň hikmeti nämede?

Birinjiden, sary reňkde teswirlenen bu gahrymanlar gök asmanyň ýa-da suwuň fonunda gowy şekillenýär. Sary reňki tapawutlandyrmak kyn düşmeýär. Muny reňkleriň nazaryýeti bilen düşündirmek bolar. Emma telewideniýe nukdaýnazaryndan welin, sary bilen gök reňk biri-birine garşydaş hasaplanýar.

Halkara Channel Frederator torunyň wekili Jeýkob Atkinsonyň pikirine görä, köp multfilmlerde wakalaryň asman fonunda görkezilişi hasaba alynsa, sary we gök reňkleriniň birleşmesi iň ýagty reňkleriň jübütligini emele getirýär.

Ikinjiden, reňkleriň hem psihologiýasy bar. Bilseňiz, sary reňki gowy görýän adamlary köpçülikde tapawutlandyrmak aňsat bolýar. Ol döredijilik bilen meşgullanýan adamlary özüne çekýär. Bu reňkiň animasion şekillerde köp ulanylmagy hem ýönelige däl. Sary reňk multfilm gahrymanlaryna käbir mahsuslyklary – gahrymanyň içki guwanjyny, batyrlygyny we işjeňligini aýdyňlaşdyrýar.

Üçünjiden, sary reňki başga reňkler bilen çalşyryp bolmaýar. Meselem, gözleriň reňkleri seljerip bilmezlik ýagdaýynda. Hut şu sebäpden-de, taksi, duýduryş belgileri ýaly  gözüň görmegi zerur bolan närseler we başga-da ençeme zatlar sary reňkde tapawutlandyrylýar.

Şöhrat KADYROW,

TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.


Fatal error: Uncaught Error: Call to undefined function ST4_single_hits2() in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php:508 Stack trace: #0 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php(692): tie_get_post_meta() #1 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-actions.php(260): tie_the_post_meta() #2 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(324): tie_post_extra_info_column() #3 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(348): WP_Hook->apply_filters() #4 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/plugin.php(517): WP_Hook->do_action() #5 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/templates/single-post/content.php(81): do_action() #6 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/classes/class-tielabs-helper.php(119): include('/var/www/vhosts...') #7 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/single.php(17): TIELABS_HELPER::get_template_part() #8 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/template-loader.php(106): include('/var/www/vhosts...') #9 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-blog-header.php(19): require_once('/var/www/vhosts...') #10 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/index.php(17): require('/var/www/vhosts...') #11 {main} thrown in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php on line 508
WordPress › Error

There has been a critical error on this website.

Learn more about troubleshooting WordPress.