Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Reportaž

OGULABAT EJÄNIŇ MÄHRI SIŇEN NEPIS PEŞGEŞLERI

“Meniň söhbetdeşim” bäsleşigine hödürlenýär

Ine, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda, türkmen halkynyň taryhynda ýatdan çykmajak ajaýyp waka durmuşymyzda aýratyn orun aldy. Şu ýylyň 18-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi
Ogulabat ejäniň öz elleri bilen bejeren kürtesini hem-de ören gülli jorabyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurmagy ähli türkmen gelin-gyzlarymyza, zenanlarymyza haly baýramçylygynyň öň ýanyndan berlen ajaýyp sowgat boldy. Bu milli nusgalyk müdimi miras nepis bejerlen sungat hökmünde Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň Mähriban Arkadagymyzyň ata-enesine bagyşlanan bölüminde ýerleşdirildi. Biz bu ajaýyp waka babatda bu ýerde zähmet çekip gelýän muzeýiň bölüm müdiri Oraznabat SAPAROWA bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

-Siz öz iş durmuşyňyzda ýatdan çykmajak şatlykly wakanyň şaýady bolduňyz! Siz bize Ogulabat ejäniň muzeýe gowşurylan gymmatlyklary barada gürrüň beräýseňiz?

– Hawa, 18-nji maý biziň üçin ýatdan çykmajak gün boldy hem-de muzeýiň iş dünýäsiniň taryhyna girdi. Ogulabat ejäniň mährini siňdiren bu ajaýyp amaly-haşam sungaty eseriniň özboluşly, gyzykly taryhy bar. XX asyryň 70-nji ýyllarynda, ýagny 1971-nji ýylda Ogulabat ejäniň eltisiniň gyzy, ýagny baldyzy Kiçigyz gelnejesinden özüniň durmuşynyň iň bir mukaddes toý gününde başyna atjak gyzyl kürtesini tikip bermegini hem-de çykyş jorabyny örüp bermegini haýyş edýär. Kiçigyz kürtäni hem gysga wagtyň içinde, hem-de inçeden nepis edip bejerip tikmegi gelnejesinden başga adamyň başarmajagyny, ony diňe gelnejesine ynanyp biljegini aýdýar. Mährem, mylaýym, hoşgylaw Ogulabat eje baldyzynyň haýyşyny ýerine ýetirýär. Ol kürtäni 20 günüň dowamynda tikip taýýarlaýar, şol möhletiň içinde hem joraby örüp ýetişýär. Köp ýyllar geçeninden soňra Kiçigyz kürte bilen joraby hak ussadyna bermegi makul bilýär. Mähriban Ogulabat eje hem baldyzynyň razyçylygy bilen, bu el işleriniň ajaýyp nusgalaryny muzeýe tabşyrmagy göwnüne laýyk görýär.

– Bu milli gymmatlyklaryň muzeýde aýratyn orun almagy onuň bejeriliş usulynyň kämil bolmagy bilen baglanyşykly bolsa gerek. Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde kürtede ulanylan reňkler we nagyşlar barada aýdyp beräýseňiz?

– Elbetde, enelerimiz gyzyl reňk – ýaşaýşy, ody; ýaşyl reňk – diriligi, durmuşy; sary reňk – gurplulygy, ak reňk – asudalygy, gök reňk – dury asmany, gara reňk bolsa mes topragy alamatlandyrýar diýip aýdypdyrlar. Ogulabat eje öz bejeren kürtesinde bu reňkleri ussatlyk we duýgurlyk bilen sazlaşykly ulanyp «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» ýaly nagyşlary salypdyr. Kürtäniň ýakasyndan aşagrakda, eltutaryna ýakyn ýerde sary sapak bilen «1971» diýen ýazgyny keşdelemäniň köjeme usulynda tikip bellik edipdir.

– Mundan başga-da, muzeýde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan gülli jorap barada näme aýdyp bilersiňiz?

– «On barmagynda on hünär» diýlişi ýaly, Ogulabat eje diňe keşdeçilik sungaty bilen meşgullanman, eýsem, alaja örmek, jähek çalmak, aldym-gaç kakmak we başga-da birnäçe el işleri bilen birlikde inçe sungatlaryň biri bolan gülli joraplary hem örüpdir. Oňa kürte bilen bilelikde muzeýe tabşyran gülli joraby hem şaýatlyk edýär. Ogulabat eje çeper hünärli elleri bilen ören gülli jorabyna dürli reňkli ýüpekden «ýürek», «kebelekli tegbent», «alagowurdak» ýaly özboluşly täsin nagyşlary salypdyr.

-Ogulabat ejäniň bejeren el işlerini synlamaga muzeýe gelnişi barada gysgaça gürrüň beräýseňiz?

-Kürtäniň muzeýe goýlan gününden başlap, Aşgabadyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet we sungat işgärleri, ýaşuly eneler, gelin-gyzlar, umuman ähli zenanlarymyz kürtäni synlamaga yzygiderli gelýärler.

Olar kürtäni synlap, onuň döwre mahsus keşdesine hem-de inçeligine ýokary baha berip, ajaýyp duýgularyny beýan edýärler. Biz, muzeý işgärleri hormatly Prezidentimize, hem mähriban käbesi Ogulabat ejäniň bu gymmatlyklary muzeýe tabşyrmak bilen görkezen nusgalyk göreldesi üçin uly taňryýalkasyn aýdýarys hem-de janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny beýik Alladan dileg edýäris!

-Oraznabat Saparowa, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Biz size işiňizde belent derejelere eýe bolmagyňyzy, üstünlikli menzillerde ýollaryňyzyň ak bolmagyny arzuw edýäris.

 

Söhbetdeşligi ýazan: Gözel EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu