Ogluma ähli ynsanlaryň dürs hem adyl däldigini öwretmegiň gerekdigini bilýärin. Oňa şuny öwret: her namardyň garşysyna bir mert bardyr, her bir ýekeme güjügiň garşysyna ömrüni iline bagş eden edermen bardyr. Goý, ol her duşmana garşy bir dostuň bardygyny bilsin.

Hemmeleri diňlemegi öwret, soň bolsa diňlänlerini hakykatyň eleginden geçirip, diňe dogrularyny saýlamagy başarsyn. Eger başarsaň, gamgyn günlerinde-de gussasyny gizläp, ýylgyryp bilmegi öwret. Gözüne ýaş aýlamagyň utanç däldigini bilsin. Her kim diňe meniň bähbidimi arap ylgaýar diýip bilýänlere seňrik ýygyrmagy öwret we oglum barada aşa aladalanmakdan ägä bol.

Aňsat düşmejekdigini bilýärin şonda-da başaryp bilseň, oňa gazanan bir dollarynyň köçeden tapan 5 dollaryndan has gymmatlydygyny düşündir. Zyýana galanda, ýöwsellemezligi öwret, goý, gazanmagyň keýpini bilsin.

Ömür ýolunda gabanjaňlyk edip büdremez ýaly et ony. Eger başaryp bilseň, sessiz gülmegiň syryny oňa aç. Goý, zulum bilen gazanylan ýeňşiň hakyky däldigini, wagtlaýyndygyny ir bilsin. Eger başarsaň, oňa kitaplaryň gudratyny öwret.

Oňa hiç zat öwretmeýän wagtlaryňam bolsun. Şonda ol, goý, gökdäki guşlaryň, Günüň ýylysyna ören arylaryň, al-ýaşyl baýyrlaryň gerşindäki gülleriň ebedi syrlary barada oýlansyn.

Okuwda sapagyna jogap berende, ýalňyşmagyň mekirlige ýüz urup, mertebäňi peseletmekden gowudygyny öwret, ýalňyşýan bolaýma diýlende-de, öz pikirine ynanmagy öwret.

Ýumşak adamlar bilen ýumşak, gödeklere garşy gödek bolmagy öwret. Biri-birine öýkünip, jogapkärçiligi beýlekiň üstüne atyp, ugralla barýanlaryň yzyna düşmez ýaly gaýrat berjek bol ogluma…

Oňa başarnygyny we zehin ukybyny iň gymmat bahadan satmagy öwret. Emma hiç haçan kalbyna we ruhuna baha kesmesin. Zeýrenip, şagal ýaly ulaýanlara gulak asmazlygy we özüniňkiň dogry mahaly mert durup söweşmegi öwret.

Oňa mähirli bol, ýöne gujaklama. Çünki hakyky polat diňe güýçli oduň howryna toplanýandyr. Goý, ýüregi joşup duran batyr bolsun, goý, batyrlygy ýalam sabyrly bolsun. Oňa özüne bolan berk ynamy kalbynda döretmegi öwret, şeýdende, ol tutuş milletine-de ynamly bolar.

Bularyň hemmesi seniň öňüňdäki uly bir borçdur. Näçesini ödäp bilseň öde…

 

Taýýarlan: Myrat GARÝAGDYÝEW, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.