Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTehnologiýa

«Nokia»-dan täze simsiz gulaklyklar

14-07-2022 / 5083

Soňky ýyllarda simsiz gulaklyk bazarynda bäsdeşlik artsa-da, «Nokia» bu bazara täze önüm hödürlemek kararyna geldi. Şeýlelikde, «Nokia» kompaniýasy «WHP-101» atly simsiz gulaklyklarny müşderilerine hödürledi. Bu täze gulaklyklar özüniň 60 sagada çenli energiýasy bilen ünsi özüne çekmegi başardy.

Häzirki wagtda Finlýandiýada işini dowam etdirýän «Nokia», satuwa çykarýan elýeterli smartfonlary bilen hem meşhurlyk gazanmagyny dowam etdirýär. Mundan başga-da, bu kompaniýa planşet, telewizor we gulaklyk bazarynda-da işjeňligini gün saýyn artdyrýar.

«Nokia WHP-101» -iň aýratynlyklary

Bu simsiz gulaklyklar, 40 mm draýwerler bilen ösen ses hilini we goşmaça bas balansyny hödürleýär. Agramy 188 gram bolan bu gulaklyk, amatly gurluşy we dizaýny bilen hem tapawutlanýar.

«Nokia WHP-101» -e birikmek üçin Bluetooth 5.1 ulanylýar. Ýene-de bellemeli zatlaryň biri, gulaklyklarda elsiz jaň etmek üçin ýörite gurlan mikrofon hem bar. HFP / HSP / AVRCP / A2DP we beýleki protokollary goşmak bilen, Android we iOS platformalaryny goldaýan «Nokia WHP-101» modeli hem «Google Assistent» goldawyna eýedir.

Gulaklykda 800mAh -lyk batareýa bar. USB-C kabeliniň kömegi bilen aňsatlyk bilen zarýad alyp bilýän bu batareýa ulanyjylara 60 sagada ulanmak mümkinçiligini hödürleýär. «Nokia WHP-101» gulaklyk modeliniň satyş bahasy 22 dollar bolup, ol eýýäm Hytaýda satuwa çykarylyp başlandy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com