Çeşme: TDH

Häzirki wagtda täze energetika ulgamynyň türkmen böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. TOPH-nyň umumy uzynlygy 1840 kilometre, geçirijilik ukyby bolsa bir ýylda gazyň 33 milliard kub metrine deň bolar.

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal binýadyny berkitmek hem-de önümçilik düzümini ösdürmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär. Munuň özi geljekde türkmen gazynyň HHR-e iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şu ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Malaý” ýatagynda kuwwaty bir ýylda tebigy gazyň 30 milliard kub metrine deň bolan täze gaz kompressor bekedi ulanmaga berildi.

Täze ýataklar “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde tapgyrma-tapgyr ulanmaga berilýär, olary Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň “Amyderýa” gaz kompaniýasy 2007-nji ýylda baglaşylan önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyga laýyklykda işläp taýýarlaýar.

“Hazar deňziniň ýalpak ýataklary: özleşdirmegiň tejribesi we täze maýa goýum mümkinçilikleri” atly mejlisde edilen çykyşlar maslahata gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Hususan-da, ýurdumyzda işleýän daşary döwletleriň kompaniýalary alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Hazaryň türkmen böleginiň uglewodorod serişdeleriniň özleşdirilmeginiň Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň hem-de daşary ýurt maýalaryny çekmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Öňden gelýän hyzmatdaşlaryň hatarynda “Petronas Charigali (Türkmenistan)” (Malaýziýa) kompaniýasy bolup, ol “Toplum-1” şertnamalaýyn çäkde uglewodorodlary gözleýär we çykarýar. Umumy alnanda, bu ýerde eýýäm nebitiň 2,5 million tonnadan gowragy hem-de kondensatyň 9,5 million tonnasy, şeýle hem tebigy gazyň 27 milliard kub metrine golaýy gazylyp alyndy. Kompaniýanyň maýa goýumy 2021-nji ýylyň aprel aýynyň başynda ABŞ-nyň 11 milliard dollaryna barabar boldy.

“Dragon Oil” (BAE) kompaniýasynyň “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd” aýrybaşga kompaniýasy öz nobatynda “Çeleken” şertnamalaýyn çägiň düzümine girýän “Jeýtun” we “Jygalybeg” ýataklaryny işläp taýýarlaýar.

Bu ýerde hem deňizdäki nebitgaz ýataklaryny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça uly işler geçirildi. Umuman, bu maksatlar üçin eýýäm ABŞ-nyň 7,5 milliard dollaryna golaý serişde gönükdirildi.

Bulardan başga-da, birnäçe deňiz ýataklary boýunça “Buried Hill” (Kipr), “ARETI” (Baş edara binasy Ženewada, Şweýsariýada ýerleşýär) kompaniýalary bilen önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklar bar. Hazar sebitinde ençeme ýyl bäri “Eni” italýan kompaniýasy hem işleýär, onuň işi “Nebitgaz” şertnamalaýyn çäkde geçirilýär. Bu ýerde uglewodorodlaryň esasy gorlary Burun ýatagynda jemlenendir. Türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde, “Hazar” konsorsiumynyň düzüminde Gündogar Çeleken ýatagyny işläp taýýarlamaga gatnaşýan “Mitro International” kompaniýasy (Britan Wirgin adalary) bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Hazardaky “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi sebitiň energetika kuwwatyny amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu resminama biziň ýurtlarymyzyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletleriniň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşi, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklar üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen işleriň netijesi bolup durýar.

2021-nji ýylyň ahyrynda Ýewropa komissiýasy umumy gyzyklanma döredýän Ýewropa Bileleşiginiň elektroenergiýa we gaz babatda taslamalarynyň täze sanawyny tassyklar. Bu sanaw Ýewropanyň energetika bazary hem-de ÝB-niň elýeterli, howpsuz we durnukly energiýa boýunça energetika syýasatynyň maksatlaryna ýetmek üçin möhüm taslamalary öz içine alýar.

Sanawa girmäge dalaş edýänleriň hatarynda geçirijilik ukyby bir ýylda 32 milliard kub metr bolan Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy bar. Bu geçiriji arkaly tebigy gazyň Hazar sebitinden we Merkezi Aziýadan Ýewropa akdyrylmagynyň hasabyna Günorta gaz geçelgesiniň mümkinçilikleri artdyrylar.

“Uglewodorodlary maliýeleşdirmekde maýa goýum taslamalary — geljege garaýyş” diýen mejlis forumyň işiniň birinji gününi jemledi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça täze kuwwatlyklary döretmek babatda alnyp barylýan işler barada maglumatlar berildi.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň ikinjisini, Gyýanlydaky polimer zawodynda izobutan öndürýän toplumy, kauçuk, polistirol, poliwinilasetat, metanol öndürýän gazhimiýa toplumlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen bir hatarda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Bu ýerde hem täze desgalaryň birnäçesini işe girizmek bellenildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan energiýa serişdelerini uly möçberde iberýän döwlet hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek bilen çäklenmez. Nebitgaz pudagy döwrebap, ýokary tehnologiýaly, netijeli, durnukly ösýän topluma öwrülip, ýurdumyzyň tebigy serişdeler binýadyna, ylmy-tehniki kuwwatyna, bu ulgamda dünýäniň gazananlaryna daýanar.

Forumyň çäklerinde daşary ýurtly kompaniýalar bilen şertnamalar, şol sanda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gidrousul bilen arassalanylan dizel ýangyjynyň, uçar kerosininiň, gyzdyrylan nebit koksunyň uly tapgyrlaryny satyn almak hakynda şertnamalar baglaşyldy.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika hem-de maliýe-ykdysady toplumlarynyň düzümindäki edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda onlaýn duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary we anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.