Ilikdir syrmaly geýim-gejimleri her gün diýen ýaly geýýänem bolsak, olardaky ýönekeýden täsin aýratynlyklara üns bermeýäris. Meselem, erkekleriň köýnegindäki ilikler näme üçin sagda bolup, zenanlaryň köýnegindäkileriň çepdedigi hakda köpimiz gyzyklanmadyk bolsak gerek.

Adamyň köplenç sag elini ulanmagynyň netijesinde emele gelen ýene bir adat — erkekleriň geýýän egin-eşigindäki ilikleriň geýimiň sag tarapynda ýerleşmegidir. Çünki sag elini ulanýan adam üçin sag tarapdaky ilikleri alyp çepine ildirmek has aňsatdyr.

Onda näme üçin aýallaryň hem köplenç sag ellerini ulanýandyklaryna garamazdan, olaryň eşigindäki ilikler çepde ýerleşýärkä?

Ilki-ilkiler ilikli köýnekler baý maşgalalaryň hanymlary üçin tikilipdir. Köýnekleriň göwrümi şeýle bir uly bolupdyr welin, öý bikesi ony diňe hyzmatkäriniň kömegi bilen geýip bilipdir. Ine, şonuň üçinem, zenan köýnekleriniň ilikleri hyzmatkär tarapdan sagda, zenanyň özi tarapdan seredeniňde  bolsa, çepde ýerleşdirilipdir.

Şol döwürlerden bäri bu ýagdaý üýtgewsizligine galypdyr…

Terjime eden: Aşyr SAPAROW

Tags :