Bir gün – dünýäniň öz okunyň daşyndan bir gezek aýlananda geçýän wagtydyr. Muny hemmeler bilýän bolsa gerek. Emma bu takyk derejede dogry däl hasaplanýar. Çünki dünýä öz okunyň daşyndan aýlanan wagty, günüň hem daşyndan aýlanýar. Günden sereden wagtymyz aýlanma wagtynyň üýtgändigi görülýär.

Astranomiki adalgalara girmezden näme üçin 1 sagadyň 60 minuda deňdigini anyklalyň? Häzirki wagtda ýer ýüzünde şu wagt ulgamyny ulanýarlar:

Bir ýyl 12 aý, bir ýyl 52 hepde, bir aý 28-31 gün, bir aý 4-5 hepde, bir hepde 7 gün, bir gün 24 sagat, bir sagat 60 minut. Bir minut 60 sekunt, bir sekunt 100 milli sekunt.

Görnüşi ýaly bir gün näçe sekunt diýip soralan wagty derrew jogap berer ýaly ulgam ýok. Ilki 24-e, soňra 60-a, soňra ýene 60-a bölünýär. Sekuntdan soňra bölünmeler 10-luk ulgam bilen dowam edýär. Şol sebäpli hem çagalar wagta degişli meseleleri çözmekde kynçylyk çekýärler.

Bu sanyň gün sagadyny ilkinji gezek ulanyp başlan Müsürlilerden gelendigi çaklanylýar. Ýere dikilen uly bir daşyň kölegesi, irden günbatara, agşam bolsa gündogara düşýärdi. Olar bu aralygy alta bölüpdiler. Şol sebäpli 24 bölüm emele gelýär. Müsürliler mundan başgada, 50 günlük aý we 560 günlük ýyl senenamasyny ulanýardylar.

Mundan 5 müň ýyl öň häzirki Yrak töwereklerinde ýaşan Wawilonlylar hem öz matematiki hasaplamalarynda 60 sany esas hökmünde ulanýardylar. 2, 5, 4, 6, 12, 20 we 50 bilen bölünýän 560-y hem bölýän bu san minudyň we sekundyň birligi hökmünde kabul edildi. Şol wagtlar 10 diňe 5-e we 2-ä bölünýän san hökmünde kabul edilýärdi.

 

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.