Forbes žurnalynyň ortaça hasaplamalaryna görä, Amansio Ortega dünýäde iň baý adamlaryň sanawyna girizildi.

Moda dünýäsiniň iň iri kompaniýalarynyň biri, Inditex ( oňa degişli brendler: Zara, Masimmo Dutti, Pul&Bear, Stadivarius, Bershka, Oysho, Uturque we Lefties) kompaniýasyny esaslandyryjysynyň baýlygy $78 milliard  geçdi we Bill Geýtsden $100 million köp boldy. Ýöne, dogrusy olaryň baýlygy, eýeleýän kompaniýalaryň aksiýalarynyň bahasy esasynda üýtgäp dur. Amansio Ortega sanawda 1-nji bolup durmagy bary-ýogy 2 gün başartdy. Emma muňa garamazdan, ol eýýäm Forbes sanawynda 3-nji gezek 1-nji ýeri eýeleýär, onuň esaslandyran kompaniýasy bolsa, öz pudagynda gürrüňsiz lider.

40 ýyl mundan ozal demirýol işgäri we hyzmatkär aýalyň ogly tarapyndan esaslanyrylan bu kompaniýa tiz wagtyň içinde at-owazasy dünýä ýaýrady. Amansio Ortegaň «Tiz moda» diýen konsepsiýasy köne moda öýleriň köp wagtlyk biznes strategiýalaryny düýbünden üýtgetmäge mejbur etdi.

Namysjaň çaga

Amansio Ortega 1936-njy ýylyň mart aýynda Ispaniýanyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän Busdongo-De-Arbas atly ilaty gaty gitse 60 adamdan geçmeýän kiçijik obada eneden boldy. Ol dört çagaly maşgalanyň iň körpesidi. “Kakamyň aýlygy 300 pesetdi, ol wagtlar ol pullara kändi diýmäň. Maşgalada iki uly oglan Antoni, Pepita, aýal doganym hem-de kiçileri men bardym. Kakamyň aýlygy aýyň soňuna çenli ýetmän gutarýady”, diýip Amansio Ortega öz ýakyn jorasy “Zara fenomeni” atly biografiýasynyň awtory Kowadonge O’ Şi bilen öz ýatlamalaryny paýlaşýar.

Amansio 13 ýaşynda işläp başlaýar. Ir işe başlamagyna Amansionyň aýtmagyna görä, çagaka bir waka itergi berýär:

“Ejem bilen dükana gidipdim, satyjynyň ejeme aýdan zady häzirem ýadymdan çykanok: “Hosefa, men gaty gynanýan, ýöne indi saňa karzyna haryt berip biljek däl” diýipdi. “Men gulaklaryma ynanyp bilmändim” diýip gürrüň berýär.

O’ Şi-niň aýtmagyna görä, Amansio örän namysjaň ekeni we adalatsyzlygy özüne ýakyn kabul eden eken.

Kompaniýanyň döreýşi.

1975- nji ýylda Amansio özüniň ilkinji dükanyny açýar. Ol ilki dükanyna “Zorba” adyny dakmakçydy. Emma ol ada rugsat alyp bilmän adyny üýtgetmeli bolýar. Bu at bolsa dünýä belli “Zara” adydyr. “Zara” brendi ady belli bolany üçin kän bir mahabat üçin çykdaýjy edenok. Netijede, “Zara” beýleki bäsdeşlerine görä girdeýjisi has uly.

Häzirki wagtda dünýäde 96 ýurtda, 154-si onlaýn, 2131 sany “Zara” dükanlary bar. Bu bolsa “Inditex” kompaniýasynyň öz pudagynda gürrüňsiz liderdigini aňladýar.

 

Terjime eden: Merjen ÝAZLYÝEWA.