Habarlar

Multimedia žurnalistikasy boýunça onlaýn-okuw

Aşgabatda multimedia žurnalistikasy boýunça onlaýn-okuw geçirildi.

Üç günlük çärä Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika fakultetleriniň mugallymlary bilen talyplary gatnaşdylar.

Beýik Britaniýadan halkara bilermeni multimedia tehnologiýalar ulgamynda häzirki zaman ýörelgeleri we multimedia kontentini döretmek üçin gurallary hem hyzmatlary bilen tanyşdyrdy. Okuw, şeýle hem  multimedia  žurnalistikasynda etika we hünär ölçegleriniň, sosial ulgamlarda, kommunikasiýa hem-de multimedia gurallarynda kontenti dolandyrmagyň, şeýle hem mobil žurnalistika ýörelgeleriniň meselelerini beýan etdi.

TÜRKMENgazet.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Başa dön tuşu