Awtory: Täçnabat PAÝTYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy kafedranyň professor-mugallymlarynyň we institutyň talyp ýaşlarynyň, hem-de inistituta  berkidilen Aşgabat şäheriniň 72-nji orta mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň  gatnaşmagynda  «Muhammet Baýram han Türkmeniň döredijiliginiň filosofiýasy»  atly ylmy seminar geçirildi.

Ylmy seminarda Muhammet Baýram han Türkmeniň döredijiliginiň filosfiki  aýratynlygy, onuň serkerdelik ukyby we diplomatuk ussatlygy hem-de onuň döredijiliginiň  ösüp gelýan ýaş nesli watansöýüjilik ruhda terbiýelemekde  ähmiýeti barada aýdylyp geçildi.  Çykyşlarda 1497 (käbir maglumatlar boýunça 1507-nji ýylda) -1561-nji ýyllarda ýaşap geçen Beýik Türkmen gerçegiň ömri tutuşlygyna diýen ýaly Mogollar şadöwletini gurmaga, ösdürmäge we berkitmäge bagyşlandygy, onuň  öz döwründe ussatlyk bilen gylyja erk edip bilen serkerde bolandygy we  sadadan akyl-paýhasly, çydamly we sabyrly döwlet işgäri bolandygy bellenip geçildi.  Ylmy seminaryň dowamynda inistutymyzyň talyp ýaşlary  şahyryň adamkärçilik hakda, dünýä, durmuş-ýaşaýyş dogrusynda pikir öwürýän şu aşakdaky ýaly  filosofiki bentleri öz içine alýan edebi-sazly kompazisiýa bilen çykyş etdiler.

 

          -“Eý, jepaju, gaýry birle aşnalyk kylmagyl,
             Aşny bolgan ýaranlardan jydalyk kylmagyl.
             Aşnalyk ýagşydyr, leýken, ýamandur il tili…
             Tilge düşgen halk birle annalyk kylmagyl.

Ýa-da:

                -Guwanýarys bu durmuşyň özüne,
                Gülüp bakýas dostlarymyzyň ýüzüne.
                Bu gün nowruz, bu gün baýram, bu gün toý,
                Gaýgy-gamsyz şatlyk eder her bir öý

Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Türkmenistan bitaraplygyň mekany” atly kitaplarynda Muhammet Baýram han Türkmen we onuň ogly Hanlar hany Abyrahym han baradaky wakalary beýan edýän sahnalar bilen çykyş etdiler.

Ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň, mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu ylmy seminar Muhammet Baýram han Türkmeniň döredijiligindäki  filosofik garaýyşlary çuňňur öwrenmäge we  onuň watansöýüjilik, mertlik, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak ýaly  ýörelgelerini ýaşlarymyzyň arasynda wagz etmäge mümkinçilik berdi.