Ol sen.

Özüň üçin işlemeýän hem bolsaň, sen öz başlygyň. Kariýeraňy, günüňi, reaksiýalaryňy özüň dolandyrýaň. Hyzmatlaryňy, bilimiňi we özüň bilen nähili gepleşişiňi sen dolandyrýaň.

Hem-de uly bir ähtimallyk bilen sen ony ýalňyş edýänsiň.

Eger-de seniň özüňe söz ýöredişiň ýaly saňa ýüzlenýän menejeriň bolsady, sen işden çykardyň. Eger seniň öz wagtyňy biderek geçirişiň ýaly biderek wagtyňy alýan başlygyň bolsady, ony işden kowardylar. Eger bir kompaniýa seniň özüňi pes derejede ösdürişiň ýaly işgärleri pes derejede saklasady, ol kompaniýa tiz wagtyň içinde bankrota batardy.

Adamlaryň ýeke özüniň işe başlamagy saýlanlarynda nähili ýygylykda ýykylýandyklaryny ýa-da özüňi dolandyrmaly bolan işlerde işlänlerinde şowsuzlyga uçraýandyklaryny görmek meni haýran galdyrýar. Olar ösmäge bolan mümkinçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolanlarynda aljyraýarlar, titreýärler, patanaklaýarlar we ýykylýarlar.

Haçanda özi işleýän adamy görenimizde biz haýran galýarys. Öýden işlemegi başaryp, ol işi birnäçe ýyl dowam etdirip, elinde bolsa kompýuteri, işläp ýören wagtlarynda dünýäni aýlanýan adamlary. Agşamlaryny täze bir hünäri öwrenmäge sarp etýän ýa-da işiň gapdalyndan biznese başlaýan we dowam etdirýän adamlary görenimizde haýran galýarys. Olar ýaly zatlaryň seýrek we hatda mümkin däl ýaly biz olar ýaly adamlary görenimizde olara göwnümiz gidýär. Gowy menejer bolmak temasynda birnäçe gowy kitaplar bar. Özüňi nähili dolandyrmalydygy barada bolsa ondan hem az. Özüňi gowy dolandyrmagy öwrenmeli. Ondan has wajyp öwrenilmeli zat azdyr.

Çeşme: seths.blog