Kä adam öwgä çäkli, gutarýan bir haryt ýaly garaýar. Kämilleşmek we üstünlige ýetmek üçin boldugyndan köp öwgi we haýranlyk ýygnamaly öýdýär. Bu biziň mekdepde öwrenýän zadymyz. Soň bolsa bu zady iş dünýäsine-de getirýäris. Adamlar öwginiň täzelenip bilýän çeşmedigine düşünenok. Haçanda dogry edilende öwgi adamyň ruhlanmagyna we işini gowy ýerine ýetirmegine kömek edýär. Alnyp barylýan barlagda şeýle bir zat anyklandy: daş -töweregiňizdäki adamlara dogry öwgi berseňiz olardaky şahsy we jemgyýetçilikli potensial şoňa görä  artýar.

Öwginiň gowy zatdygyna her kim düşünýär. Emma esasy mesele biz durmuşda diňe ýeterlik öwgi bermeýänligimiz däl, eýsem, dogry şekilde hem öwgi aýtmaýanlygymzdadyr.

Birine “has gowy” ýa-da “iň gowy” diýmek bilen olara çäklendirme goýýarsyňyz.

“Bu gün iň gowy sapagy aýdan sendiň” diýmek erbet, sebäbi bu beýleki halatlarda onuň gowy çykyş etmeýänligini aňladýar. Seniň edýän zadyň öwgi däl-de deňeşdirmek. Bu beýlekileriň hem höwesini hem ambisiýasyny gaçyrýar.

Onda gowy öwgi nähili bolýar? Gowy öwgi çykyş eden adamyň aýdan endiklerini durmuşa ornaşdyryp başlajakdygyňy aýtmak ýa-da onuň kitabyny peýdasy deger diýen dostuma alyp berjek diýmekdir.

Emma bu zat işde erbet bolmazmy diýip pikir edýänsiňiz, diňe sanlyja işgär öwgä mynasyp bolsa gowy, şeýle dälmi? Aslynda, ýok. Bu zyýansyz eşidilýär, emma NeuroLeadership Instituty tarapyndan öwrenilen 30 kompaniýasynda menejerleriň 3-4 esse konstruktiw maslahat we öwgi berýän ekeni.

Shawn Achoryň Big Potential kitabyndan.