Zenan zehininiň jadylaýjy gudratyndan dörän milli lybaslary ýada salanyňda  “Mähirli Zenan” modalar öýi göz öňüne gelýär. Köp ýyllaryň dowamynda “Mähirli Zenan” modalar öýi özüniň döwrebap lybaslarynyň gaýtalanmajak gözelligi, nepisligi bilen halkymyza hyzmat edýär. Mundan başga-da köp sanly bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmagy, şeýle hem 27-28-nji iýun aralygynda paýtagtymyzda geçirilen eksport önümleriniň sergisine gatnaşmagy has-da buýsandyryjydyr.

Bu gün hem, “Mähirli Zenan” modalar öýi Gurban baýramy mynasybetli “ýanly” biçüwli milli köýneklere 20% arzanladyş yglan edýär. Arzanladyşlar 31-nji iýula çenli dowam edýär.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk söwda merkezi I gat.

“Mähirli Zenan” bilen gözelligiňize gözellik goşuň!