Türkmen döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr – Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy.

Ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çäräniň çäklerinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň sany çäklendirilen däldir. Mejlise gatnaşyjylaryň her biri dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, olary ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, olary goldamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgär hökmünde hödürlemek üçin ara alyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge bolan hukuklaryndan kanuna laýyklykda peýdalandylar.

Kanun çykaryjy milli häkimiýet edarasyna halkymyzyň iň mynasyp wekilleri hödürlenildi. Dalaşgärleri bellige almak çäresi 7-nji martda tamamlanar.

“Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna şu güne çenli Ahal welaýaty boýunça 20 dalaşgär, Balkan welaýaty boýunça bolsa 21 dalaşgär bellige alyndy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topary tarapyndan degişli resminamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýlelikde, saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreler demokratik, aýanlylyk, köppartiýalylyk hem-de giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär.

Tags :