
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Deadline» žurnalynyň habar bermegine görä, argentinanyň ýyldyz futbolçosy Lionel Messi barada animasiýa filmi düşüriler.
Körpejelere niýetlenen bu animasiýa filmi köp bölümli bolup, ol «Sony» kompaniýasynyň garamagyndaky «Sony Music Entertainment» tarapyndan tomaşaçylara hödürlener. Animasiýada Messi wideo oýnunda kynçylyklara döz gelip, päsgelçilikleri geçmegi başarýan çaga hökmünde görkeziler. Messiniň Dünýä Kubogyny gazanmagy-da animasiýada öz beýanyny tapar. Häzirki wagtda taraplar ylalaşyk gazanyp, animasiýanyň ady, haçan we haýsy platformada ýa-da kanalda ýaýlyma beriljekdigi häzirlikçe belli däl. Animasiýanyň iňlis we ispan dillerinde, mundan başga-da käbir dillerde boljakdygy barada bellenilýär.
«Çagalygymdan bäri animasiýa tomaşa etmegi halaýaryn. Animasiýa gahrymanlaryny diýseň halaýaryn, hut şonuň üçin hem bir animasiýa taslamasynyň parçasy bolmak, meniň arzuwlarymyň birini amala aşyrmak, meni diýseň begendirýär. «Sony Music Entertainment» kompaniýasyna köp sagbolsun aýdýaryn. Taslama hemmeleriň göwnünden turar diýip umyt edýärin» diýen sözlerini paýlaşdy.
Arslan AMANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.