Mähriban okyjylar! Size 8-nji aprelde dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris.

Skai Jackson (18 ýaşady)  – amerikan aktrisasy. Skai “Time” žurnalynyň 2016-njy ýyldaky iň täsirli ýetginjekleriniň sanawyna girizildi. Ol 5 ýaşynda “Liberty Kid” filminde ilkinji keşbini ýerine ýetirýär.

Robin Wright (54 ýaşady) – amerikan aktrisasy we režisýor.  Robin telewideniýede bitiren hyzmatlary üçin “Altyn globus”, “Satellite” baýraklaryna mynasyp boldy.

Katee Sackhoff ( 40 ýaşady) – amerikan aktrisasy. Ol “Starbuck” filminde ýerine ýetiren Freýsiň keşbi bilen meşhurdyr.

Patricia Arquette (52 ýaşady) – amerikan aktrisasy. Ol birnäçe baýraklaryň, şol sanda “Oskar”, Britan kinoakademiýasynyň baýragynyň, iki sany “Emmi”, üç sany “Altyn globus” we iki sany kinoaktýorlaryň Gildiýasynyň baýragynyň eýesidir.

DeJ Loaf (29 ýaşady) – amerikan aýdymçysy we kompozitor. Ol aýdym-saz sungatyna 2011-nji ýylda başlaýar we 2012-nji ýylda meşhur “Just Do It” aýdymyny köpçülige hödürleýär.

Gabriella Wilde (31 ýaşady) – iňlis modeli we aktrisasy. Ol “St Trinian’s 2: The Legend of Fritton’s Gold”, “The Three Musketeers”, “Carrie”, “Endless Love”, “Wonder Woman 1984” ýaly meşhur filmlerde dürli keşpleri ýerine ýetirýär.

Nithya Menen (32 ýaşady) – hindi aktrisasy we aýdymçy. Ol esasan Malayalam, Telugu, Tamil we Kannada kinoindustriýalarynyň filmlerinde surata düşýär. Nithyanyň dürli kinostudiolarda ýerine ýetiren keşpleri birnäçe baýraklara mynasyp bolýar.

Ana de la Reguera (43 ýaşady) – meksikan aktrisasy. Ol birnäçe telenowellalarda, filmlerde we teleseriallarda surata düşdi. Olaryň arasynda  Amazon teleýaýlymynda goýberilen “Goliaf” serialynda ýerine ýetiren keşbi has meşhurdyr.

 

Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.