Mähriban okyjylar! Size şu gün, ýagny 24-nji martda dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris.

Jesika Mişel Çesteýn (şu gün 43 ýaşaýar) – amerikan aktrisasy we prodýuseri. Feministik mazmundaky keşpleri bilen meşhur bolup, “Altyn globusyň” eýesidir. Time žurnaly ony 2012-nji ýylyň iň täsir ediji 100 adamynyň hataryna goşdy.

Alison Li Hannigan (şu gün 46 ýaşaýar) – amerikan aktrisasy we telegepleşikleri alyp baryjy.

Haruka Aýasi (şu gün 35 ýaşaýar) – ýapon aktrisasy, modeli we aýdymçysydyr. 2000-nji ýyldan bäri telewideniýäniň we kinonyň meşhur aktrisasy.

Gabriele Sýuzana Kerner (şu gün 60 ýaşaýar) – Nena ady bilen has meşhur bolup, nemes aýdymçysy w kompozitory. Ol 1983-nji ýylda Nena toparynyň wokalistkasy hökmünde aýdym aýdyp, halkara derejesinde meşhurlygy gazandy.

Lara Flin Boýle (şu gün 50 ýaşaýar) – amerikan aktrisasy we prodýuseri. Ol ABC teleýaýlymynda surata düşürilen Twin Peaks teleserialynda ýerine ýetiren Donna Heýwardyň keşbi bilen has meşhurdyr.

Leýk Sigel Bell (şu gün 41 ýaşaýar) – amerikan aktrisasy, režisýory, we ssenaristi. Ol birnäçe teleseriallarda surata düşdi.

Maria Walwerde (şu gün 33 ýaşaýar) – ispan aktrisasy

 

Park Bom (şu gün 36 ýaşaýar) – Bom ady bilen has meşhur bolan Günorta Kooreýaly aýdymçydyr. Ol Günorta Koreýanyň 2NE1 gyzlar toparynyň agzasy hökmünde has meşhurdyr. Ol özüniň sazçylyk işine 2006-njy ýylda başlaýar.

 

Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.