Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Söz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Degişme äheňinde: Gelin-gyzlar hakynda aýdylanlar

  1. “On sany agzym, on sany dilim bolsa-da, aýallaryň erkeklerden pul çilmek üçin edýän oýunlaryny sanap ýetişip bilmezdim”. — Owidiý
  2. “Aýallaryň gözýaşyndan has çalt kepeýän zat ýok”.  — Jon Webster
  3. “Garakçylar ýa puluňy alar ýa-da janyňy. Aýallar onuň ikisinem alar”.  — Samuel Batler
  4. “Otuz ýyllap zenan ruhy bilen gyzyklanandygyma garamazdan häzirki wagta çenli jogabyny tapyp bilmedik ýekeje soragym bar: Aýal näme isleýär?” — Marsel Prust
  5. “Zenanlar düşünmek üçin däl-de, söýülmek üçin ýaradylypdyr”. — Oskar Waýld
  6. Aýallar bilen erkek adamlar iň bolmanda bir meselede birleşýärler: Olaryň ikisi-de aýallara ynanmaýar”.  — Genri Luis Menken
  7. Zenanlar rewolusiýanam, rewolýusionerlerem ýigrenýärler. Olar ýuwaş gylykly, bankda işleýän we nahar wagtyndan gijä galman öýe gelýän erkek adamlary gowy görýärler”.  — Genri Luis Menken 
  8. Erkek adam bilen bagtly ýaşajak bolsaň, oňa köpräk düşünip, azrak söýjek bolmaly. Aýal bilen bagtly ýaşajak bolsaň ony köpräk söýüp, düşünmezlige çalyşmaly”.  — Elen Roulend

 

Terjime eden: Merjen ÝAZLYÝEWA.

 

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu