Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
Habarlar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy üstünlikli geçirildi

12-nji maýda paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi.

«Merkezi Aziýa — Russiýa» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilýän çärede Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow giriş sözi bilen çykyş etdi.

Forumyň gün tertibine laýyklykda, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlyklary hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary çykyş edip, kanun çykaryjy ulgamda toplanan tejribäni paýlaşmak, foruma gatnaşyjy ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygynda parlamentara gepleşikleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek bilen bagly ugurlarda milli we sebit derejesinde alnyp barylýan işler barada jikme-jik durup geçdiler.

 

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň çäklerinde sylag gowşuryş dabarasy boldy. Onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa abraýly sylaglaryň birnäçesi berildi.

Günüň ikinji ýarymynda forumyň işi plenar mejlislerde dowam etdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň  Parlamentara forumynyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

«TürkmenGazet».

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu