Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


HabarlarTrend we gözellik

“Merjen” tikinçilik öýi

Häzirki wagtda ýurdumyzda hususylaşdyrmak işine uly üns berilýär. Gelin- gyzlaryň has göze gelimli görünmegi üçin tikinçilik öýleri, modalar öýleri, gözellik salonlar açylyp, halka hyzmat edýärler. Şeýle ajaýyp ýerleriň biri hem “Merjen” tikinçilik öýüdir. “Merjen” tikinçilik öýi hem ýaňy-ýakynda açylmagyna garamazdan, eýýäm köp sanly müşderileri bar.  Bu ýerdäki matalar, ýakalar, egin-eşikler şeýle bir owadan welin, bir sellem egleneniňi duýman galýarsyň.

Ilki bilen baranymda, köp ýyllap, “Dokmaçylar” medeniýet merkezinde zähmet çeken Nabat daýza garşylady. Ol bu ajaýyp ýeriň eýesi. Asyl diňläp otursaň Nabat daýza eýýäm köp ýyllardan bäri tikinçilik işine bolan höwesi bolup, bu ugurda belli bir işleri edipdir.

Olaryň mähirliligi, dile çeperliligi, göze gelüwli önümleri ýene kän gezek gelmegiň üçin isleg döredýär. Bu ýeriň esasy tikinçisi Aýna Tangalakowa az salym edýän işleri barada gürrüň berdi.

-Bu ýerde 10-a golaý tikinçi zähmet çekýär. Müşderiniň islegine görä, dürli öwüşginli milli, şeýle-de döwrebap köýnekleri tikýäris. Geljekde tikinçilik işimizi has giňeltmegi maksat edinýäris.

-Işiňiz şowly bolsun!

 

Mähriban okyjylarymyz, saýtymyz arkaly  özüňiziň gözellik, moda hakynda pikirleriňizi, gelin-gyzlarymyza maslahatlaryňyzy ýazyp ugradyp bilersiňiz.

Salgymyz: turkmengazet.zenan2021@gmail.com

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com