Slide
Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Meniňki şol bir söz…

Söýgüli şahyrymyz Halyl Kulyýewiň ýüreklerde galan setirlerinden

07-01-2023 / 5101

Göwnüm seni küýseýär

Käte ýalňyzlykda otursam özüm,
Käte gaharlanyp, çytylsa ýüzüm,
Käte ukym gelip, ýumulsa gözüm,
Teşne ýürek jemalyňa suwsaýar,
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Göreşlerde gujur bilen batlansam,
Üýşmeleňde alkyş bilen ýatlansam,
Arzuwlarym göge galyp şatlansam,
Ýa-da hasrat ýürek-bagrym gyýsa, ýar!
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Bahar geler, güller bilen şaýlanyp,
Seýran etsek baýyrlary aýlanyp,
Akja bulut «Ýagsammy» diýp, oýlanyp,
Çabga gelip, suw-sil edip guýsa, ýar,
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Meýdana ýazlypdyr bahar halysy,
Gel, bile keşt etsek ýakyn-alysy,
Maňa at goýdular: «Yşkyň dälisi»,
Men nädeýin ýürek şeýle söýse, ýar!
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.
***

Men seni söýýän

Dagdan ynam bilen düşdüm yzyna,
Daş dek ykraryma ömürlik uýýan.
Iller näme diýse diýibersinler,
Meniňki şol bir söz:
― Men seni söýýän.

Söýmek hem söýülmek ýüregiň derdi,
Hersi bolup biler bu juwanlykda.
Kimmişin ol meni söýeňok diýip,
Seni aýyplajak biwepalykda.

Ýöne rastyň diýmän gizlenseň eger,
Gutulyp bilersiň. Öňünden duýýan.
Diýerin men saňa bir ýerden jyklap,
Meniňki şol bir söz:
― Men seni söýýän.

Garaňky gijeler azaşsaň ýalňyz,
Menem gara gijä tutup ýüzümi,
Duýdurman öňüňden çykaryn birden
Hemem gaýtalaryn şol bir sözümi.

Meni söýseň, iki ýürek birleşip,
Bir ýürek boljagny öňünden duýýan.
Eger-de söýmeseň,
Söýmeseň söýme,
Meniňki şol bir söz:
― Men seni söýýän.
***

Aýdylmadyk sözler

Seniň ýok wagtyňda seni taryplap,
Gijeler ýatmadym, goşgular goşdum.
Sen maňa mydama bolsaňam ýakyn,
Seniň ýanyňdakam sen maňa daşdyň.

Zöhre ýyldyzy dek alysdyň menden,
Mawy gözýetimden salardyň ýalkym.
Yzarlap, yzarlap, barsamam, ýene
Güýçlenerdi derdim,
Gowşardy erkim.

Ýygralyk boldumy, ýaşlyk boldumy,
Sadalyk boldumy… bir zad-a boldy.
Ýyllar boýy ýüregimde ýer eden
Aýdylmaly sözler aýdylman galdy.

Aýdylmadyk sözler bilen ulalyp,
Aýdylmadyk sözler bilen söýdüm men.
Ahyr olar böwsüp çykdy ýüregmi
Ýasadym olardan ajap aýdym men.

Ol aýdymy diňläp görseň her haçan,
Bagt dumany gaplap alar seriňi.
Aýdylmadyk sözler aýdarlar saňa
Bir ýürek däl, ýüz ýüregiň syryny.

Söýmeseň-de, alabahar gary dek,
Pagyş-para eräp, dişlärsiň barmak.
Meniň üçin ajaýyp bir ýeňişdir
Daş dek bir ýüregiň ereýşin görmek.

Halyl KULYÝEW.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com