Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiŽurnalistiň sahypasy

MENIŇ UZAK-UZAK ÝAŞAMALY ENEM…

17-02-2021 / 5086

Çeşme: «Zenan kalby» žurnaly. 2014 ý.

…Zenana hormatly Ene at galýar.

Dm. Kedrin.

ÝATLAMA

1956-njy ýylyň güýzünde 15 ýaşymdakam, dünýäden ötende, goşarymdan tutup gözüni ýuman enem Gurbanjemal Sähetdurdy gyzy meniň aňymda aýagy köne hokgaly, egni ýamaly alaça köýnekli, horlugyndan ýaňa egin süňkleri bildirip duran, uzyn boýly hortap garry aýal bolup hemişelik surata öwrüldi.

Alty-ýedi ýaşlarymdakam enem bilen bolan bir waka edil şu gün bolup geçýän ýaly aňymda dur. Mellekdäki gür jöwenlige girip aglaýan enemiň sesini eşidip, usullyk bilen, duýdurman, oňa golaýladym. Çep eli bilen maňlaýyny tutup, ýere bakyp oturan enem sag eliniň sandyrşaýan barmaklary bilen yzgarly topragy peşäp hem aglaýardy hemem şeýle bir ýakymly ses bilen aýdym ýaly süýkdirip bir zatlary samraýardy. Samramanyň yzyndanam: «Garyp eneňi al, guzy-ow, garyp eneňi al guzy!» diýen sözleri zol-zol gaýtalaýardy. Aňyma baky ornan, enemiň gözýaşy bilen ýüregime ýazylan, hakyky manysy soň-soňlar düşnükli bolup galan şol dört sözüň götermesi kyn aýratyn agramy bardy. Dine berk uýýan, bäş wagt namazyny yrman okaýan ene, Watançylyk urşunda wepat bolan ýalňyz perzendiniň o dünýäde bardygyna halys ynanýan ene, ogluna sataşmagyň hatyrasyna bu dünýäniň mährinden geçmäge taýýar Ene ölmegi arzuw edýärdi, öz ölmüniň kömegi bilen, nirede bolsa-da, ogluna sataşmak isleýärdi…

Hut şu mahalam, segseniň onundakam hem enemi ýygy-ýygydan ýatlaýaryn, hyýalymdan gitmeýän jöwenlige girip: «Garyp eneňi al, guzy!» diýen agyly sözleri gaýtadan diňleýärin. Enemiň ak saçlary şemala galgaýar, hor barmaklary ýer köwýär. Şol wagt enesine seredip duran, entek agynyň manysyna oňly düşünmeýän, egni içine pagta salnan köneje mata donly, aýagy ýalaňaç, garaja oglan gözýaş etmändi. Häzir welin hyýalynda şol günlere dolanyp barýan agtyk, durmuş pelsepesiniň hakyky manysyna birneme düşünýän aksaç agtyk, töwerekden gizlese-de, özünden gizlemegi başarmaýan gözýaşyny saklap bilmeýär, gulagynda bolsa enesiniň sesi gaýtalanýar: «Garyp eneňi al, guzy…»

Ýeke perzendine garaşyp, dünýäden näumyt öten garyp enem! Aglanymda gözýaşyňy gözýaşyma goşan, syrkawlanymda mährem barmaklaryňy tenekara dönderip, arkamy sypalan mähribanym! Soň bildim: meniň dört-bäş ýaşly deň-duşlarymdan açlykdan ölenleri-de bolupdyr.Men ölmändirin. Sebäbi meniň enem bardy — Sen bardyň. Özi aç galyp, meni öldürmän saklan enem bardy! — Sen bardyň!

Hupbat bilen, görgi bilen açlykdan alyp çykan garaja agtygyň, uly adam bolup ýetişmese-de, seniň gören günüň bilen deňeşdirilende. çagakam ýyldyzly tomus agşamlarda daşarda gujagyňda ýatyryp, aýdyp beren ertekileriňdäki şazadalar ýaly ýaşaýar. Ol, seniň diliňde aýtsam, Hytaý, Hindi, Hebeş, Pereňli kärdeşleri bilen gatnaşyk saklaýar. Seniň ýalňyz ogluň ömrüniň kesilmeginiň sebäpkäri bolan ýurduň Berlin diýilýän paýtagtyna agtygyňy okyjylar bilen duşuşyk geçirmäge çagyrýarlar, kitabyny çykarýarlar. Sen öz obaňdan başga ýere nesibäň çekmän, eşret görmän dünýäden ötdüň, mähribanym. Emma seniň garaja agtygyň dünýäniň otuza golaý ýurduna syýahat etdi, baran ýurdunda-da hökman seniň gulagyňy şaňlatdy. Sebäbi sen mydama onuň ýanyndadyň, sebäbi sen mydama onuň ýadyndadyň, sebäbi onuň ýeten derejesi seniň aladaň, seniň mähriň, seniň agtygyňy il sanyna goşmak üçin çeken azabyň bilen hasyl boldy. Sen ogluňy görmän dünýäden ötdüň, enem. Men hem seniň garaşyp-garaşyp ýetmedik şol ogluňy bir gezegem görmedim Döwür seni ýeke ogluňdan mahrum etdi, döwür meni ýeke gezegem bolsa kakamy görmekden, kakama “kaka” diýip ýüzlenmekden mahrum etdi. Şonuň üçinem ýaş wagtymda ýazan goşgularymyň birinde şeýle setirler peýda bolupdy:

 

Atam, sen uruşdan gaýdyp gelmediň.

Getirmediň öýe köne şineli.

Däri ysy siňen,

ok sesi siňen

esger telpegini geýmedi ogluň.

Ömründe bir gezek,

hatda bir gezek

saňagarap: «Kaka» diýmedi ogluň

Diýen däldir ogluň «kaka» sözüni.

Durmuş onuň ýaş dilini baglady.

El ýetmedi aglamaga, gülmäge,

Men gözýaş etmedim,

durmuş aglady…

 

Şol aýylganç uruşda millionlarça ogluny ýitiren durmuş aglady. Şol aýylganç uruşda ýeke ogluny ýitiren meniň garyp enem, sen, tä ölýänçäň agladyň, gözüňi hem gözýaş bilen ýumduň.

Ykbal-nesibe şeýle gelip, men öz kakama däl-de, onuň onuň ady dakylan öz agtygyma, seniň ýywlugyňa «kaka» diýmeli boldum. Häzir 9 ýaşly Tagan Tagan 31 ýaşyndaka atalyga ýetmän, «aga» diýlip ýüzlenmek nesip etmän wepat bolan, mazary Orýol topragynda galan, garramadyk «garry atasy» Taganyň ýaşamadyk ýaşyny dowam edýär, üç dilde oňat gepläp bilýär. Ol aýdýanynyň manysyna entek doly üşünmese-de: «Men Tagan Tagan! Men iki Tagan!» diýip, dünýäniň iň ajaýyp kentleriniň birine öwrülen Aşgabadymyzyyň gözel meýdançalarynda towsaklap ýör. Men oňa: «Seň ejeň şu garry bolmaly!» diýip, suratyňy görkezýärin. Çaga ýylgyrýar. Ulalansoň Tagan Taganyň hem seniň gulagyňy şaňlatjakdygyna ynanýaryn. Eger ogul çowlugym bolsa-da adyna hökman Tagan dakaryn. Şeýde-şeýde, ýeke Tagandan örňän tirkeş-tirkeş Taganlar seni ene hökmünde, Taganlaryň enesi hökmünde uzak-uzak ýaşadar Sebäbi sen hakyky Ene adyna mynsayp, ýagşylykda ýatlanyp, uzakdan-uzak ýaşamaly Enemsiň…

Atajan TAGAN.

Redaktordan: Ajaýyp ynsan -Atajan Tagan özboluşly, deňi-taýy bolmadyk eserleri bilen kalplarymyzda müdimilik orun aldy. 


Fatal error: Uncaught Error: Call to undefined function ST4_single_hits2() in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php:508 Stack trace: #0 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php(692): tie_get_post_meta() #1 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-actions.php(260): tie_the_post_meta() #2 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(324): tie_post_extra_info_column() #3 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/class-wp-hook.php(348): WP_Hook->apply_filters() #4 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/plugin.php(517): WP_Hook->do_action() #5 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/templates/single-post/content.php(81): do_action() #6 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/classes/class-tielabs-helper.php(119): include('/var/www/vhosts...') #7 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/single.php(17): TIELABS_HELPER::get_template_part() #8 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-includes/template-loader.php(106): include('/var/www/vhosts...') #9 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-blog-header.php(19): require_once('/var/www/vhosts...') #10 /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/index.php(17): require('/var/www/vhosts...') #11 {main} thrown in /var/www/vhosts/turkmengazet.com/httpdocs/wp-content/themes/tmgazet/framework/functions/post-functions.php on line 508
WordPress › Error

There has been a critical error on this website.

Learn more about troubleshooting WordPress.