Kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryny okadýan mugallymlaryň biri okuwçylaryna özleriniň isleg-arzuwy, geljekde kim bolmak isleýändikleri barada düzme ýazmagy tabşyrypdyr. Sapak gutarandan soňra, mugallym okuwçylaryň ýazan düzmelerini öýde okamak üçin ýany bilen alyp gaýdypdyr. Okuwçylaryň ýazan her bir düzmesi mugallyma ýiti täsir edipdir. Olaryň arzuwlary, islegleri sadadan aýdyň, şol bir wagtda hem yürek gozgaýjy eken. Mugallym şol düzmeleriň birini okanda welin, nädip gözüne ýaş aýlanandygyny özi hem duýman galypdyr. Şol wagt gapydan giren ýanýoldaşy näme sebäpden aglaýandygyny sorapdyr. “Ine, şu ýazylan düzme meni aglamaga mejbur etdi. Ony özüň hem okap gör” diýip, elindäki düzmäni ýanýoldaşyna beripdir. Düzmäniň mowzugy: “Meniň telewizor bolasym gelýär”. Ol okamaga başlapdyr: “Meniň şu dünýäde ýekeje islegim bar. Meniň telewizora öwrülesim gelýär. Telewizor ýaly ýaşasym gelýär. Men öz öýümizde telewizoryň ornuny tutasym gelýär. Goý maşgalam meniň daşyma üýşüp otursyn. Men olaryň esasy üns merkezinde bolaýyn, olar başga tarapa seretmän, sözümi bölmän diňe maňa üns bersinler, diňe meni diňlesinler. Hat-da telewizoryň öçük wagty hem onuň daşyny, ýüzüni süpürişdirip, serenjam berip, alada bilen gurşaýyşlary ýaly maňa hem ähmiýet bersinler. Kakam işden ýadap geleninde, onuň ýanynda men bolaýyn. Ejem bir zada gynanyp otyrka, onuň ünsüni bölýän men bolaýyn. Doganlarym we jigilerim maňa ýakyn oturmak üçin dawalaşsynlar. Men maşgalamyň ähli zerur işlerini bir ýana goýup, hut meniň üçin ýanymda oturýandyklaryny duýaýyn. Men olary ýadawlygyndan açaýyn, begendireýin, dynç almaklaryna kömek edeýin.”

Ýanýoldaşy bu düzmäni okapdyr- da, başyny ýaýkapdyr: “Her ýerde çagasyna seretmeýän, üns bermeýän ene-ata bar” diýipdir. Mugallym aglamjyrap oturşyna şeýle diýipdir: “ Ýöne, bu biziň öz oglumyzyň ýazan düzmesi…”.

 

Rus dilinden terjime eden:
Merjen ÝAZLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.