“Quora” saýtynyň agzalarynyň biri “30 ýaşyňyzda eden iň uly ýalňyşlygyňyz näme boldy we size näme öwretdi?” diýen soragy berdi. Muňa jogap edip dürli hünärli adamlar öz hekaýalaryny paýlaşdylar.

Biz hem bu hekaýalary size ýetirmegi makul bildik:

Tim Romero, telekeçi

Bu ýerde gözleýän jogabyňyzyň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilemok, ýöne meniň iň uly ýalňyşlygym gaharym boldy. Başlygyma, kärdeşlerime, işgärlerime, meni terk  eden gyza we maňa ýalan sözlänlere gahar edip juda köp wagtymy ýitiripdirin. Elbetde, gaharlanmagym ýöne ýere däldi. Häzirki wagtda töweregime göz aýlap, ýagdaýa baha berenimde, munuň adaty bir zatdygyna indi düşünýärin. Ozal gaharymy getirenlerden has köp özüme zyýan ýetiripdirin. Indi men 40 ýaşymda. Öňkilere garanyňda, has gowy uklaýaryn, işde hem has öndümli we agzybir maşgalam bar.

David Stor, telekeçi 

Men bu ajaýyp zenany öz bolşy ýaly kabul edip bilmedim . Iň erbet tarapy hem söýýän adamymyň durmuşyny çäklendirmeler bilen doldurdym. Bu zenan meniň durmuşyma reňk goşdy. Wagtyň geçmegi bilen meniň bu häsiýetime halys döz gelip bilmän meni terk etdi. Ol indi başga bir bagtly ýigidiň maşgalasy.

Emma muňa garamazdan biz häzirem gowy dostlar, aramyzda henizem azajyk uçgun bar, ýöne ikimiziň hem bu babatda hiç zat elimizden gelmeýär. Durmuş göýä Jähennem ýaly bolup görünýär, ýöne ony durmuşymda asla görmezlikden welin gowudyr.

Men näme öwrendim? Akmak bolma. Hiç haçan özüňe ýakyn hasaplaýan adamyňdan kemçilik gözleme. Sebabi sen hem ideal adam däldigiňi unutma. Kemçiliklerini artykmaçlyk hökümünde söýmegi başar!

James Altusher, blogger, inwestor

  30 ýaşymda kompaniýamy ýokary derejeli tanyşymyň ýolbaşçylygynda goýdum we netijede ol bankrot boldy.

– 30 ýaşymda maşgalama, saglygyma we döredijilige az wagt sarp edip, ýylda 365 gün hiç zat etmän ýatardym.

– 34 ýaşymda, kakam maňa jaň edeninde almadym. Hat-da öýmüze myhmançylygada çagyrmadym. Alty aýdan soň insult boldy we aradan çykdy. Bagyşla kaka. Bolan zatlar üçin özümi asla bagyşlamaryn!

 Eger-de şu ýazanlarymy okaýan bolsaň,  ýekeje haýyşym, ata-eneňizi dirika sylaň we söýüň! Soň, bir pursatlyk ýüzüni görjek diýseňizem tapmarsyňyz!

Aleksandr Maýer, freelanser

Çagalygymda bile önüp-ösen dostlarym bardy. Aýalym olar bilen biraz düşünişmedi, şonuň üçin toýdan soň men dostlarym bilen az wagt geçirmeli bolýardym. Wagtyň geçmegi bilen dostlarym bilen gatnaşygymy kesdim. Şol wagtlar men bu zatlar hakynda birjik hem pikir etmändim we meniň ýagdaýyma düşünerler diýip umyt edipdim. Sebäbi olar meniň üçin dogan ýalydy. 6 ýyldan soň, nikam ýykyldy, indi bolsa dostlugymyzy täzeden gurjak bolýaryn. Ýöne indi duşuşanymyzda, olar maňa gaty uzak görünýär. Hemme zady kadaly ýagdaýa getirmek üçin biraz wagt gerek bolar.

Dostlaryňyzy dogan diýip pikir etmäň. Dogan, ýigrenýän bolsaňam dogan bolar. Dost hemişelik dostuňyz bolup bilmez. Dostluk hemişe üns berilmegini talap edýär.

Maýkl Dorian Baç, senagat dizaýneri, suratçy

Iň uly ýalňyşlyklarymyň biri, saglygyma, dostlaryma we maşgalama az wagt sarp edip, esasy ünsüm işime gönükdirilendigine ynanýaryn.

Ýyllaryň dowamynda gaty köp işledim we şu tertipde ýaşadym: oýanýan, işe gitýän, öýe gelýän we ýene uklaýan. Günde şu ýagdaý gaýtalanýardy.

Saglygyma nähili täsir edendigine-de üns bermändirin. Wah,, şol ýyllary yza dolap bolsady…

 Saglygyňyza üns beriň. Saglyk birinji orunda durýar. Işiňizi we rahatlygyňyzy sazlamaga çalyşyň!

 

Taýýarlan: Merjen ÝAZLYÝEWA.