Awtory: Orazmyrat Myradow.

“Nesil” gazetiniň jogapkär kätibi.

“Käte her biri 10 santimetrlik böleklerden
ybarat bolan ölçeg taýagymy alyp, ömür
hakda… oýa batýaryn.
Şu kitaba ýerleşen pikir ýöretmeler hem şeýle
oýlanmalaryň netijesi…”

 

Ýig­ri­mi ýyl mun­dan öň­ki to­ýuň wi­deo­ýaz­gy­sy­na to­ma­şa edenim­de dö­rän pi­kir­ler 

Bir mekdepde bile okan tanşym toý çakylygyny edip geldi. Dogrusy, ony soňky ýola haçan görenligim hem anyk ýadymda däl. Meger, ony soňky gezek toý eden uçurlary görendirin! Ondan bäri bolsa ýigrimi ýyl ötüp-geçipdir. Bir obada doglup, önüp-ösen hem bolsak, güzeran aladasy her haýsymyzy öz akymy bilen dürli ugra gönükdiripdi. Ine, bu gün bolsa ol talyp ogluny öý-işik edýänligini aýdyp,  toýa çagyryp geldi. 

Men toýdan üç-dört gün öň onuňka myhmançylyga bardym. Görşülmedik döwür içinde söhbet edere bolan-geçen wakalar, täzelikler  köpem bolsa, gürrüňimiz owal akan ýerinden akýan aryga dönüp, köne wakalara syrykdy. Toýuň bosagasynda bolnansoň, ol özüniň durmuş toýundaky wakalardan söhbet açdy. Ol toýdaky bolan ýagdaýlary jikme-jikligi bilen ýatlap oturyşyna, haýran galýanlygymy aňyp,  özünde durmuş toýunyň wideoýazgysynyň bardygyny, käte şony görüp, toý pursadyny aňynda janlandyrýanlygyny aýtdy. Soraryma-da  garaşman, telewizoryň aşagyndaky tekjeden bir diski alyp, ony ýörite enjama ýerleşdirdi-de, «Özüňi göresiň gelýärmi?» diýip, wideony  başlaýan ýerinden biraz öňe saratdy. Ine, gyzlar atbaşçy gitjek ulagy bezäp durlar. Oglanlaryň atgulak alyp ýöreni haýsy, toý palawyny bi­şirýän aşpeze kömek edip ýöreni haýsy…

Men birbada ojaga odun salyp duran «meni» tanamadym. Öý eýesi meniň nähili duýgyny başdan  geçirýändigimi bilmek üçin dikanlap ýüzüme garaýardy. Men welin özümi synlamak bilen başagaýdym. Gözümi telewizordan aýryp bilemokdym. Onýança ekranda toý gutlamak haýyş edilýän aksakal peýda boldy. «Han aga!» diýip, içki pikirimi daşyma çykaranymy hem duýman galypdyryn. Gulagy görden ýaňa, ol pahyryň hem «ýurduny  täzelänine» on ýyl töweregi boluberendir… Toýdaky çybyk at çapyp  ýören çagalar… Dostum ol çagalary tanadyp, häzir toýlarda göreş tutup, baýrak alyp ýören pälwanlardygyny aýtdy… 

Men birden ukudan açylan ýaly bolup, ýazgyny ýaňadan yza saratmagyny haýyş etdim. Ine, ýene çybyk atly çagalar… Jowur aksakgally Han aga… Ýigrimi ýaşdan sähel geçen ýaş ýigit — men… Öý eýesi  maňa garap: «Ýazgyny gaýtadan saradaýynmy?» diýip sorady. Men hiç zat aýdyp bilmän, başymy ýaýkap «ýok» diýdim… 

Dostuma hiç zat aýtmadyk bolsam hem, oňa syr bildirmän, öz-özüme: «Bu ýazgyny näçe saratsaň hem, men-ä gaýdyp ýaş ýigit bolman, Han aga-da gaýdyp gelmez!» diýdim. 

Hawa, durmuş wideoýazgy däl. Ony yza saradyp bolmaýar. Belki,  bu kän aýdylyp, leji çykan pikirdir. Ýöne muny ýene bir gezek ýatlamakdan zyýan gelmezmikä diýýärin. Sebäbi käte hut özümiň hem  bolup ýörşüm, bu dünýä hemişelik gelen ýaly, ýagny ony yzyna saradyp, täzeden ýaşap bolýan ýaly… Ömri ybarat edýän wagty bigeleňlik  bilen sowrup ýörşüme kämahal gafat ukusyndan oýanan ýaly bolup,  hut özümiň hem haýpym gelýär. Çynymy aýtsam, men çagakam özüme, hiç bolmanda, on ömrüň berlenine ynanýardym. Nämeden galanlygyny hem anyk aýdyp biljek däl, ýöne çagakam adymy Onjan diýip  tutýardylar. Özüm bilen basdaş oglanlaryň käbiri bolsa, «atyş-atyş»  («tah-tah») oýnaýarkak meni kejikdirmek üçin: «Munuň on sany jany bar, bir gezek atýaň, ölenok, iki gezek atýaň, ölenok… dokuz gezek  atýaň, ölenok, on gezek atýaň, onsoň ölýär» diýen ýaly sözleri aýdýardylar. 

Ýöne indi akyl dişi çykyp, oglanlygy yzda goýlansoň, berlen bary-ýogy ýeke ömrüň hem barha kiçelip barýanlygyna düşünýärin.