Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Medeniýet we syýahat» žurnalynyň ilkinji sany neşir edildi

10-04-2022 / 5036

Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň üç aýdan bir gezek neşir edilýän «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň ilkinji sany okyjylara gowuşdy.

Türkmen, iňlis, rus dillerinde çap edilýän täze neşir Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda gol çeken degişli Kararynyň esasynda, ýurdumyzyň medeniýet we syýahatçylyk ulgamynda ýetilen sepgitleri giňden mahabatlandyrmak, bu ugurda bolup geçýän täzeliklerdir habarlary köpçülige ýokary derejede ýetirmek hem-de bu babatda maglumatlary bermegiň usulyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen döredildi. Žurnalda taryhyň dürli döwürlerinden geçip, halkyň durmuş ýoluny özüne siňdiren milli medeniýetimiz giňden şöhlelendirilýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com