26-njy iýunda Medeniýet hepdeligine gatnaşýan ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, žurnalistler, ýazyjy-şahyrlar Lebap welaýat kitaphanasynyň giň mejlisler zalyna ýygnandylar. Ol ýerde şanly senelere baý ýylymyz bilen atlandyrylan “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly brifing geçirildi.

Brifingde, ilki bilen, tejribeli döredijilik işgärleri çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen žurnalistikasynyň ýeten belent derejesi, döredijilikli işlemek, çuň many-mazmuna ýugrulan eserleri döretmek üçin milli Liderimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler barada buýsançly gürrüň berdiler. Baýry žurnalistler  Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň arasyndan döredijilik älemine ýaňy gadam goýan ýaş zehinleriň beren sowallaryna kanagatlanarly jogap berdiler.

*****

Şol gün Türkmenabat şäher medeniýet öýünde medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda milli tans, folklor we bagşyçylyk sungatynyň gadymy nusgalaryny dikeltmek we oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda milli medeniýetimiz we sungatymyz dünýä derejesinde ösdürilýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň has-da döredijilikli işlemekleri, täzeden täze eserleri döretmekleri üçin döredilýän amatly şertler ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna getirýär.

Usuly maslahatda edilen çykyşlarda bular barada giňden durlup geçildi. Halypalardyr ýaş zehinleriň arasyndaky özara tejribe we pikir alyşmalar maslahatyň has-da täsirli bolmagyna getirdi.

*****

Şol gün Maslahata gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda “Saz rowaýaty” atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişine tomaşa etdiler. Bu hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk sazy, dost-doganlyk sazy” atly ajaýyp eseriniň  täsiri bilen dörän sahna oýny bolup, ol teatr muşdaklaryny türkmen saz sungatynyň gudratly, jadyly dünýäsine tarap alyp gitdi.

*****

Hepdeligiň ýapylyşy

27-nji iýun, hepdäniň ýekşenbe güni ir säherde Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň “Ýedigen” seýilgähinde ýerleşýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine ter gül desselerini goýup, beýik söz ussadyny hatyraladylar.

Merkezi şäherde täze gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy bolup geçdi. Onda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri  baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler. Ýapylyş dabarasynda şeýle hem Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimize Ýüzlenmesi kabul edildi.