Türkiýe elmydama Ýewropanyň we Aziýanyň birleşýän ýeri, pikirleriň we medeniýetleriň sazlaşýan ýeri hasaplanýar. Moda we meşhur geýim pudagyndaky “Mavi”, “Koton”, “Defacto”, “LC Waikiki”, “Colin’s”, “Ramsey” ýaly türk brendleri bolsa bireýýäm Türkiýäniň çäginden çykyp, ençeme ýyllaryň dowamynda dünýä ýurtlarynda müňlerçe dükanlary bilen halka hyzmat edip gelýär.

Ýakynda “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezinde dünýä belli Türkiýäniň brendleri bolan “Mavi”, “Ramsey”, “Koton Women” dükanlarynyň açylyş dabarsy boldy. Bu dabara gelenler ilki bilen dükanlardaky biri-birinden owadan egin-eşikler bilen tanyş boldular. Aýdym-saz bilen utgaşan dabaranyň dowamynda birnäçe gyzykly bäsleşikler, täze açylan dükanlaryň şeýle hem “Koton Kids”, “Altinyildiz Classics” we “Colin’s” ýaly meşhur brendlerden taýýarlanan moda görkezilşigi boldy.

Egin-eşikleriň ählisi gaýtalanmajak gözelligi bilen tapawutlanyp bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.