Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Maryda 3 müň orunlyk täze bina açyldy

18-06-2022 / 5079

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna toý saparynyň çäklerinde Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ge­çen ýyl Ma­ry we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da bu bi­na­nyň düý­bi tu­tul­dy.

Hormatly Prezidentimiz täze binada köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmek üçin döredilen mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdy. «Ak täjirçilik merkezi» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan täze bina milli gurluşyk senagatymyzyň häzirki zaman tejribelerini özünde jemleýär. Tanyşlygyň dowamynda dutarçy bagşy-sazandalar joşgunly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Arkadagly Serdarymyz bina üçin täze awtoulaglary sowgat berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde haj zyýaratyny berjaý etmegi bilen bagly toý sadakasyny berdi.

«Türk­me­nGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com