Arkadag!

“Halkym!”diýýän pursadyňyz dünýä gidýär ýagtylyp,

Bu dünýäni gülledýän zat ýagtylykdyr, ýagtylyk!

Alkyş baryn alýaňyz Siz, ile edip ýagşylyk,

Iliň-günüň, ulus iliň hossary Siz Arkadag,

Siziň bilen barýarys biz, öňe sary Arkadag!

*****

Tylla Güneş göýä ýüregňizde  dogýan ýalydyr,

Parasatly kalp, dünýäňiz göýä dünýä ýalydyr,

Dillerdäki alkyşlarmyz göýä derýa  ýalydyr,

Iliň-günüň, ulus iliň hossary Siz, Arkadag,

Siziň bilen barýarys biz, öňe sary Arkadag!

*****

Diýer muňa: “Gül açýan eziz ýurt  Türkmenistan,

Onda maksat-myradyna ýeter ýürekden istän,

Gadamyňyz düşen ýerler bolar gül-u-gülüstan,

Uliň-günüň, ulus iliň hossary Siz, Arkadag,

Siziň bilen barýarys biz, öňe sary Arkadag!

*****

Buýsanýarys, ajap günler dowamatdyr, dowamat!

Alkyş bilen gülleýäňiz, eýläp soňsuz hemaýat,

Hossar — bu söz ynsanlary gülledýän söz — keramat,

Uliň-günüň, ulus iliň hossary Siz, Arkadag,

Siziň bilen barýarys biz, öňe sary Arkadag!

*****

Gül Watanym, armanym ýok, etsem saňa hyzmaty,

Şan-şöhrata beslenendir goja taryhyň gaty,

Göýä belent dag ýalydyr halkyň sylag-hormaty,

Uliň-günüň, ulus iliň hossary Siz, Arkadag,

Siziň bilen barýarys biz, öňe sary Arkadag!

*****

Nesilleriň bu bagtyýar, ajap günleň dowamy,

Açyp berýän ýollaryňyz polat, ýüpek, daraýy,

Aýdym deýin ýaňlanyp dur bu sözlermiz dogaýy;

Uliň-günüň, ulus iliň hossary Siz, Arkadag,

Siziň bilen barýarys biz, öňe sary Arkadag!

 

Ogultäç ORAZTAGANOWA,

şahyr.