Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Mähriban Arkadagymyz täze eseri

08-05-2021 / 5058

Mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen birnäçe eserler bar. Olar häzirki wagta çenli köp dillere terjime edildi.

Düýn hem milli Liderimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde täze kitaby döredendigi barada habar berdi. Gahryman Arkadagymyz şeýle beýan etdi: “Aşgabadyň häzirki keşbine buýsanmazlyk mümkin däl. Onuň gaýtalanmajak gözelligini doly wasp edere söz ýok bolsa gerek. Biziň ajaýyp şäherimize geljek döwürler has hem hormat we şöhrat getirer. Bu barada hemişe ýürekden çykýan goşgudyr aýdymlar dörediler.”

Hormatly Prezidentimiz ýokarda aýdylanlaryň ählisini şu kitapda beýan etmäge çalşandygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz bu kitabyň gyzykly we peýdaly hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli watandaşlarymyza sowgat boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz mejlis tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylaryň bu kitaby alyp biljekdiklerini mälim etdi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com