«Dünýäni gözellik saklaýar» diýlişi ýaly gözellik we döredijilik ynsanyň ruhy taýdan sagdyn we rahat ýaşaýşyny bina etmäge, durmuşa bolan höwesli ädimleriniň ädilmegine mümkinçilik berýär.

Saýtymyzyň bu sahypasynda şeýle bagt jümlelerini ömrüne ýoldaş edinen ýurdumyzyň saýrak bilbili, zenan dünýäsiniň waspçysy Mähri Pirgulyýewa bizde myhmançylykda. Ajaýyp aýdymlaryň eýesi bolan Mähri bu gün sungat ýoluna gelişini şeýle gürrüň berdi.

Men 2006-njy ýylda Nikalaý Ýakimow bilen tanyşdym we şol günlerden bäri aýdymly älem meniň hemişelik ýanhemram boldy. Dünýä gözelligini aýdym dünýäsinden görüp başladym. Maşgalamyň goldawy netijesinde men islegli ugrumyň wekili boldum.

-Ilkinji aýdymlaryňyz.

-Ilkinji ädim, ilkinji basgançak her bir zadyň maýasy bolýar. Aýdym älemine girmegime ganat bolan aýdymym «Seniňki däl» aýdymy. Nikalaý Ýakimowyň kompazitorlygynda dörän bu aýdym meniň aýdym-saz älemine ilkinji gadamym boldy.

-Döredijilik ýolunda kimler bilen işleşýärsiňiz?

-Nikolaý Ýakimow, Şatlyk Sopyýew, Söhbet Rozyýew, Bahar Gulnazarowa dagylar bilen işleşýärin. Sungat işgärleri biz aslynda mydama bile işleşýäris, pikir alyşýarys.

-Bagt näme?

-Bagt ― bu manyly ýaşaýşy bina etmekdir, Ýaradanyň, Watanyň, ata-eneň, hossarlaryň öňündäki borçlaryňy kemsiz ýerine ýetirmekdir. Ykbalyň eçilen günlerini şadyýanlykda we armansyz geçirmekdir diýip düşünýärin.

-Bagtly pursatlaryňyzdan ýatlap geçseňiz.

-Aslynda ynsan her bir gününi ýatlamaga mynasyp pursatlara baý edip geçirmelidir. Ýatlasaň ýatlamaga pursatlaryň köplügi adamy bagtly edýär, onuň üçin bolsa şu günüňi bagta ýar etmek wajyp bolup durýar. Ilkinji sahna çykan günüm, her gezekki aýdymlarymyň muşdaklarymyz tarapyndan gyzgyn garşylanmagy we olaryň gyzgyn elçarpyşmalaryna mynasyp bolmagym, durmuş ýoluma gadam basmagym, perzentlerimiň dünýä inmegi …. umuman şularyň ählisi bagtly pursatlarymyň sebäpleri.

-Şowlulyk getiren aýdymlaryňyz?

-Her bir döredijiligiň ykbaly ony halkyň kabul edişi bilen kesgitlenilýär. Döredijiniň zähmeti hem şol esasda bahalandyrylýar. Maňa şowlulyk getiren «Seňki däl», «Tans etmeli», «Aýterek günterek», «Hazynam», «Öňe, diňe öňe», «Nebsim agyrýar», «Doly, doly», «Toýa gel» we bulardan başga-da iňlis dilinde ýerine ýetiren aýdymlarym diýip pikir edýärin.

-Sizi buýsandyrýan zat näme?

-Meni buýsandyrýan zat berilen ömri manyly geçirmegime döredilen mümkinçilik diýip düşünýärin. Asuda ýurduň zenany hökmünde ýürek buýsanjymy aýdymlar üsti bilen beýan etmegim, perzentlerimiň ejesi bolmagym meni buýsandyrýar.

-Eger-de kär saýlamakda size ikinji mümkinçilik berilse, haýsy käri saýlardyňyz?

-Men çagalara özümi has-da hamrak görýärin. Şonuň üçin hem eger-de şeýle mümkinçilik berilse, men çagalar bagynda terbiýeçi bolmaklygy saýlardym. Çünki çagalara seretmegi, olar bilen wagt geçirmegi halaýaryn.

-Hobbiň näme?

-Ýoga bilen meşgullanmak.

-Durmuşda iň ýakyn ynsanlaryňyz.

-Ejem, maşgalam, çagalarym.

-Halaýan reňkiňiz?

-Mawy we gök reňk.

-Saýtymyzyň üsti bilen salam ýollajak we minnetdarlyk bildirjek ynsanlaryňyz barmy?

-Ilki bilen ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň bolelin, asuda durmuşda ýaşamaklaryna, biz ýaşlaryň döredijilik ýolumyzy dowam etmegimize döredip berýän mümkinçilikleri üçin mähriban Arkadagymyza köp sagbolsunlarymy aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

-Maňa ruhy güýç berýän, sungat ýolumda meni goldaýan maşgalama, işdeş ýoldaşlaryma, eziz muşdaklaryma salam ýollaýaryn we öz minnetdarlygymy bildirýärin.

-Mähri biziň döredijilik toparymyzyň çakylygyny kabul edip, biz bilen gürrüňdeş bolanyňyz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Saza goşulyp ýaşlanýan ýakymly owazyňyz mundan-da belent ýaňlansyn! Muşdaklaryň söýgüsine mynasyp bolup ýaşamagyň dowamat bolsun!

-Sagboluň.

 

Söhbetdeş bolan: Şaperi Otuzowa.