Mälim bolşy ýaly, “Mähirli Zenan” lybaslary özüniň gaýtalanmajak gözelligi, milliligi, şol bir wagtda döwrebaplygy bilen uly meşhurlyga eýe. Bu modalar öýüniň tiken her bir lybasy ýatda galyp, seriňden aýlanýar durýar.

“Mähirli Zenan” hususy kärhanasy eýýäm köp sanly sergilere, bäsleşiklere gatnaşyp, uly üstünliklere eýe boldy. Bu kärhananyň pawilýonlary, lybaslary ýaňy-ýakynda açylşy bolan “Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini” hem bezäp dur.

Elbetde bu ajaýyp kärhananyň üstünlikleri barada näçe aýtsaň hem bärden gaýdýar. Iň bolmanda, bu ajaýyp lybaslaryň muşdagy hökmünde modalar öýüniň gapysyndan ätläniňde, her bir lybasy taýýarlamak üçin juda köp mähir-muhabbet siňdirilýändigine göz ýetirýärsiň.

Häzirki wagtda bu kärhana işini has hem giňeldýär. “Mähirli Zenan” hususy kärhanasynyň geljekde diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem türkmen milliligini dünýä ýaýmak maksady bilen, “Mähirli Zenan” brendli öz lybaslaryny, nagyşlaryny daşary ýurtlara hem çykarmak ýaly uly ynamlary bar.

Bu kärhana ýaňy ýakynda Lebap welaýatynda geçirilen medeniýet hepdeliginiň hem bezegi boldy. Ol ýerde aýratyn mähir bilen ýerine ýetirilen ajaýyp nagyşly lybaslar bu toýuň bezegi boldy. TÜRKMENgazet.com internet sahypamyzyň fotožurnalistleri hem  pursatdan peýdalanyp, bu ajaýyp lybaslary size ýetirmegi makul bildi: