Slide
Ygtybarly habar çeşmesi
TÜRKMENGAZET
www.turkmengazet.com
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow
BlogHabarlar

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna

Beýik Pyragynyň keşbi aýdym-sazlarda

Biziň bagtyýar zamanamyzda türkmen edebiýatyny we sungatyny ösdüren ussat ýazyjydyr şahyrlarymyza, bagşydyr kompozitorlarymyza uly sarpa goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň taryhy Karary bilenб 2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuny bellemek üçin uly taýýarlyklar görülýär. Beýik şahyryň ajaýyp goşgulary türkmen bagşy-sazandalaryny, kompozitorlaryny joşduryp gelýär.

Türkmen kompozitorlarynyň Pyragynyň goşgularyna döreden aýdymlarynyň arasynda Çary Nurymowyň “Armanym galdy”, Orazgylyç Gurbannyýazowyň “Boýlaryňa” atly aýdymlary aýdym-saz muşdaklarynyň ýüreklerine ýol ýasady. Söýgüli kompozitorymyz Nury Halmämmedow bolsa beýik şahyryň şygyrlaryna “Pukaraýam”, “Yzlamaýan bolarmy?”, “Uýat eýleýir”, “Solupdyr pygan bilen”, “Gözel Şirgazy”, “Soňudagy” atly romanslar tapgyryny döretdi. Kompozitor Ýazgylyç Aşyrow hem beýik söz ussadynyň sözlerine 5 romansdan ybarat “Meňli” atly wokal toplumyny döretdi.

Beýik şahyrymyzyň keşbini simfoniki orkestriň serişdeleriniň üsti bilen ilkinji bolup beýan etmek bagty Türkmenistanyň halk artisti, professor Aşyr Kulyýewiň paýyna düşdi. Ol 1948-nji ýylda, entek Moskwanyň P.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda okap ýören wagty “Magtymguly” simfoniki poemasyny döretdi. Türkmen saz sungatynda uly yz galdyran halypa kompozitorlarymyzyň ýene biri Weli Muhadow 1974-nji ýylda döreden “Magtymgulynyň ýadygärligine” diýip atlandyran 1-nji simfoniýasynda akyldar şahyryň ajaýyp keşbini owazlaryň üsti bilen diňleýjilere ýetirmegi başardy.

Türkmen simfoniýasynyň naýbaşysy hasaplanýan bu eserde Weli Muhadow şahyryň ýaşan XVIII asyrynyň çylşyrymly döwrüni, onuň erkinlik, watanperwerlik, halallyk hakyndaky pikirlerini, Meňli gyza bolan pynhan duýgularyny simfoniki orkestriň saz gurallarynyň dürli owazlarynyň kömegi bilen beýan edýär. Ýokarda adyny agzan aýdym-saz eserlerimiz biri-birinden çeperçilik çözgütleriniň dürlüligi bilen tapawutlanýar.

Biziň ajaýyp döwrümizde beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymdyr romanslar we simfoniki eserler konsertlerde, teleradioýaýlymlarda yzygiderli ýaňlanyp, halkymyzyň ruhy dünýäsine öçmejek nagyş bolup çaýylýar.

 

Irina LÝAPINA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň umumy fortepiano bölüminiň mugallymy.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

E-mail hasabyňyz paýlaşylmaz.

Başa dön tuşu