Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Lukman Hekimiň tymsallary

19-05-2022 / 5454

Ýewropada Awissena, arap ýurtlarynda Ibn Sina, Orta Aziýada Lukman Hekim diýlip tanalýan meşhur alymyň ─ lukmanyň ady, onuň bilen bagly rowaýatlardyr tymsallar agyzdan-agyza, dilden-dile geçip, il arasynda ýaýrap, biziň günlerimize gelipdir. Lukman Hekimi, esasan, «lukmançylygyň atasy» hökmünde tanaýarlar. Onuň bu babatda ýazan işlerini, dürli dertleri bejeriş usullaryny häzirki wagtda giňden peýdalanýarlar.

Lukman Hekimiň ady arap edebiýatynda hem köp agzalyp geçilýär, onuň parasatly setirlerine, döreden tymsallaryna gabat gelmek bolýar. Onuň galamyna degişli diýlip hasap edilen tymsallaryň toplumy «Lukmanyň tymsallar kitaby» ady bilen Pariž şäherinde saklanýar. Ýeri gelende aýtsak, bu tymsallar 1299-njy ýylda kagyza geçirilipdir. Käbirleri bu kitap b.e.öňki 630-njy ýylda Gadymy Gresiýada dünýä inen, meşhur basnýaçy Ezop tarapyndan ýazylypdyr diýip çaklaýarlar. Emma taryhçy hem edebiýatçy alymlaryň maglumatlaryna esaslansak, ýokardaky pikir nädogrydyr.

«Lukmanyň tymsallar kitabynda» jemi 41 sany tymsal bar bolup, olaryň aglabasy haýwanlar hakyndadyr. Şol tymsallaryň käbirini terjime edip, okyjylara ýetirmegi müwessa bildik.

Keýik

Bir keýik suw boýuna gelip, onda öz keşbini gördi. Ol şahlarynyň haýbatly we kuwwatlydygyna öz ýanyndan begendi, aýaklarynyň inçedigine bolsa, gahary geldi. Edil şol wagtam arkasyndan gelýän awçylary görüp, gaçyp başlady. Awçylar hernäçe jan etseler-de, ony kenarda tutup bilmediler, ýöne umytdan hem düşmediler. Ine, birdenkä-de, dag ýakasyna gaçyp barýan keýigiň şahy iki agajyň arasynda ilteşip galdy we awçylar ony derrew tutdular. Şonda keýik: «Ýaman görnen aýaklarym meni halas etse, tersine, meni guwandyran şahlar zerarly heläk boldum» diýip, örän gynandy we puşman etdi.

Manysy: görnüşine däl-de, edýän işine görä baha ber.

Gara tenli kişi

Bir gün gara tenli kişi eşiklerini çykaryp, bedenine gar sürtüp başlady. Munuň sebäbini soranlarynda, ol: «Ähtimal, agararyn» diýip, jogap berdi. Oňa bir dana şeýle diýdi: «Eý, pylany! Awara bolma, teniň gary gara etmegi mümkin, emma ol garaňy ak edip bilmez!»

Manysy: ýagşynyň ýaman bolmagy ýamanyň ýagşy bolmagyna görä aňsat.

Oglanjyk

Derýada gark bolup barýan oglanjyk dad-u-perýat edip, kömege çagyrýardy. Ýoldan ötüp barýan bir kişi onuň ýakynyna gelip, derýa gireni üçin käýäp başlady. Oglanjyk şeýle diýdi: «Eý, ynsan! Ilki meni halas et, soňra käýe!»

Manysy: kişiniň başyna kynçylyk düşse, oňa ýardam goluňy uzat, ony halas et we soňra ýazgar.

Amangeldi HOJANYÝAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Kinologiýa taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com