Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Göwün küýsegiSlider

Londonly ýigit

On dokuzynjy asyryň başlarynda, londonly bir ýaş ýigit ýazyjy bolmak isläpdir. Emma hemme bolýan zatlar onuň islegleriniň tersine. Onuň kakasy bergilerini berip bilmedigi üçin türmä salnypdyr.

Ýagdaýlarynyň pesligi sebäpli oglanjyk mekdebe-de diňe dört ýyl gatnap bilipdir. Ol açlyk ejri bilen oňat tanyşdy. Bir gün ol çüýşä belgi ýelmenýän, içi alakalardan doly ambarda iş tapýar. Özi ýaly Londonyň jümmüşinden gelen iki sany oglan bilen dereksiz üçekde ýaşaýardy. Onuň ýazmaga bolan ukybyna ynamy şeýle bir kiçidi welin, ol hiç kimiň ony görüp gülmezligi üçin, özüniň ilkinji ýazan eserlerini gijäniň bir wagty poçta bilen ibererdi. Ol näçe ret edilse-de, hekaýalaryny ibermegi dowam edýärdi. Hekaýa yzyna hekaýa.

Ahyry bir gün, hekaýalarynyň biri kabul edildi. Dogry, ýigide hak tölenmedi, ýöne redaktor onuň hekaýasyny tassyklapdy we hatda öwüpdi. Ol tolgunmakdan ýaňa gözi ýaşly köçelerden zordan ýöräp barýardy. Birje hekaýanyň çap edilmeginden gelen öwgi we ykrar edilme onuň bütin durmuşyny üýtgetdi. Eger ol şol iki zatdan höweslenmedik bolsa, onda ol galan ömrüni alakalardan doly ambarlarda işläp geçirerdi. Belki, siziň ol oglanjyk barada eşiden bolmagyňyz hem ähtimal. Ol “Roždestwonyň Merjeni” atly ölmez-ýitmez klassiki eserini ýazdy. Onuň ady, elbetde, Çarlz Dikkens.

Internet maglumatlary esasynda terjime edildi.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com