Adamzat jemgyýetiniň aň-düşünjesiniň ösmeginde medeniýetiň bir bölegi bolup durýan küşt, düzzim, takylatdy, keçe-keçe, çilik ýaly oýunlarymyzyň ähmiýeti diýseň uludyr. Üstünden ençeme asyrlar aşsa-da häzirki günlere çenli özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýän gadymy küşt we şaşka oýnuna ykbalyny baglan watandaşlarymyzyň dünýä, Aziýa sebitlerinde we halkara derejesindäki ýaryşlarda gazanan üstünlikleri köpdür. Zehinli küştçülerimiziň biri hem biziň bu günki söhbetdeşimiz Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby, FIDE-niň ussady, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzasy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi Annagözel Mekanowadyr.

– Annagözel, ilki bilen küşt oýnuna baş goşuşyňyz hakynda gürrüň beräýseňiz?!

– Heniz 5-6 ýaşlarymdakam küşt bilen gyzyklanyp başlapdym. Maşgalamyzdakylaryň ählisi diýen ýaly küşt oýnuna höwesekdi. Babam, kakam küşt oýnanlarynda men hem olaryň oýnuna ünsli sereder oturardym. Şeýlelikde, 8 ýaşymda küşt öwredýän sapaklara ýazyldym. Meniň ilkinji tälimçim Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ejegyz Ýalkanowadyr. Ol maňa küşt oýnunyň inçe tilsimlerini öwretdi. Şondan bir ýyl geçenden soňra men ýaş gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň küşt çempionatynyň welaýat tapgyrynda 3-nji orny, döwlet tapgyrynda bolsa 2-nji orny almagy başardym.

-Annagözel, siz Türkmenistanyň 11 gezek çempiony bolduňyz. Mundan başga-da, daşary döwletlerde geçirilýän küşt boýunça dünýä çempionatlarynda, olimpiadalarynda ýeňiji bolmagy başardyňyz. Ýurdumyzyň abraýyny has-da beýgelden şol dünýä derejesindäki üstünlikleriňiz hakynda aýdyp berseňiz?!

– Hormatly Prezidentimiziň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaga döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde 2013-nji ýylda 11 ýaşymda ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň Sari şäherinde geçirilen Aziýa çempionatyna gatnaşmak miýesser etdi. Soňra Birleşen Arap Emirlikleriniň şäheri Al-ainde II Halkara sport festiwalyna, 2014-nji ýylda Özbegistan Respublikasysyň paýtagty Daşkent şäherinde Aziýa çempionatyna, 2015-nji ýylda Taýland şäherinde geçirilen Dünýä çempionatyna, 2016-njy ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň Reşt şäherinde Halkara sport festiwalyna, 2016-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Ýakutiýa şäherinde Halkara sport olimpiadasyna, 2016-njy ýylda Abu-Dabi şäherinde Halkara sport ýaryşyna, 2016-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde küşt boýunça dünýä çempionatyna, 2017-nji ýylda Çehiýada Halkara sport festiwalyna, 2017-nji ýylda Dubaý şäherinde Halkara sport festiwalyna, 2017-nji ýylda Rumyniýa şäherinde küşt boýunça dünýä çempionatyna, 2018-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde Halkara sport festiwalyna, 2018-nji ýylda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Günbatar döwletleriniň arasynda Aziýa çempionatyna, 2019-njy ýylda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Aziýa çempionatlaryna gatnaşdym. Olaryň birnäçesinde ýeňişli orunlara mynasyp boldum.
Ine, ýene-de belläsim gelýän zatlaryň biri, häzirki wagtda institutymyzda küşt boýunça gurnak hereket edýär. Küşde höwes bildirýän, küşt bilen gyzyklanýan talyp gyzlar bu ýere hepdäniň dowamynda gatnaýarlar. Men olar bilen öz tejribämi höwes bilen paýlaşýaryn.

-Annagözel, beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Mundan beýläk-de size okuwlaryňyzda şowlulyklaryň ýar bolmagyny, geljekde-de dünýä derejesindäki bäsleşiklerinde eziz Diýarymyzyň abraýyny has-da belende galdyrjak üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýäris.

 

Söhbetdeş bolan: Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.