Küşt tagtasy – göýä durmuş . Öýjükler bolsa durmuş ýoly. Pyýadalar bu biz. Haçanda pyýadalar ýöremeli ýerinde ýöräp, durmaly ýerinde dursa we küşt tagtasynyň aňyrsyna çyksa ol wezire öwrülýär.

Ýagny biz, durmuşda ýalňyşman, ýoldan azaşman dogry gitsek, biz şonda öz maksatlarymyza ýetýäris. Elimiz uzadan ýerimize ýeter. Elbetde, pyýadany küşt tagtasynyň aňyrsyna çykarmak gaty kyn bolýar. Edil biziň maksadymyza ýetmegiň kynlygy ýaly. Pyýada goşuny ýolda ýykýalaram, bu bolsa biziň durmuşda dürli kynçylyklar sebäpli, ýa bolmasa men-menlik, agzalalyk arkaly ýoldan azaşyşymyzy ýada salýar. Durmuşda kyn ýagdaýda töwekgelçiligem etmeli bolýar, edil küşdäki ýaly. Küştde ünsli bolmaly, durmuşdaky ýaly.