Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Köýtendag etrabynda 50 müň tonna kalsiý öndürýän önümçilik ýola goýlar

01-04-2022 / 5022

Bu barada 31-nji martda geçirilen Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sinde ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer Ç.Pur­çe­kow tarapyndan teklip edildi.

Wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Köý­ten­dag et­ra­byn­da ýyl­lyk kuw­wat­ly­ly­gy 50 müň ton­na kal­siý ön­dür­ýän önüm­çi­li­gi ýo­la goý­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi hö­dür­le­di. Bu önüm­çi­lik ýur­du­my­zyň ba­zar­la­ry­ny ýer­li te­bi­gy se­riş­de­ler­den ön­dü­ri­len ýo­ka­ry hil­li gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri bi­len do­ly üp­jün et­mä­ge hem-de tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge ýar­dam eder.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­tan­da ýur­du­my­zyň sarp edi­ji­le­ri­ni da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan ýo­ka­ry hil­li önüm­ler bi­len do­ly möç­ber­de üp­jün et­mä­ge ukyp­ly, kuw­wat­ly gur­lu­şyk se­na­ga­ty­ny dö­ret­me­giň ze­rur­dy­gy­na aý­ra­tyn ün­si çek­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow pu­da­gyň kuw­wa­ty­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ma­gyň hem-de ýur­du­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da uly is­leg bil­di­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­tap, wi­se-prem­ýe­re bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­mek ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com