Aşgabat şäherindäki Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi 2019-njy ýylyň sentýabr aýyndan bäri hereket edýär. Merkeziň resmi açylyş dabarasy 2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 28-ne geçirildi. Dünýä ýüzüniñ 76 sany döwletinde bu merkeziň jemi 213 sanysy hereket edýär we häzirki wagtda ol iñ öñdebaryjy dil merkezleriniñ hataryna girýär.

Aşgabat şäherindäki patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi Koreýa Respublikasynyň Sejong institutynyň Gaznasy bilen işjeñ hyzmatdaşlygy saklaýar we merkeziñ ähli okuw kitaplary hem-de gollanmalary Sejong institutynyň Gaznasy tarapyndan üpjün edilýär. Merkeziñ her okuw tapgyry tamamlanandan soňra, nobatdaky synagdan geçen öwrenijilere gutardyş şahadatnamasy berilýär. Mundan başga-da, öwrenijileriñ koreý dili başarnyklaryny synamak maksady bilen her ýyl “Koreý diliniň suhangöýlik bäsleşigi” geçirilýär. Netijede, bäsleşigiň ýeňijilerine sowgatlar we şahadatnamalar gowşurylýar. Şeýle-de, merkezde bilim alýan öwrenijiler geljekde öz okuwlaryny Koreýa Respublikasynda dowam etdirmekleri üçin giň mümkinçiliklerden peýdalanýarlar.

Merkeziň okuw otaglary koreý dilini öwrenmäge we özleşdirmäge zerur bolan ähli döwrebap şertler bilen üpjün edilen. Merkeziň kitaphanasynda öwrenijileriñ koreý dili başarnyklaryny kämilleşdirmäge zerur bolan dürli görnüşdäki okuw kitaplary we koreý diline terjime edilen daşary ýurt ertekileri we eserleri bar. Merkezde öwrenijiler diňe bir koreý dilini däl-de, Koreýanyñ medeniýetini, däp-dessurlaryny, sungatyny we nahar medeniýetini hem giñden öwrenýärler. Muña mysal edip, koreý milli naharlaryny bişirmeklik ýaly çäreleri görkezmek bolar. Mundan başga-da, merkezde öwrenijileriň işjeň gatnaşmagynda geçirilýän dürli görnüşdäki medeni çäreler hem ýygy-ýygydan gurnalýar.

Okuw merkezinde koreý diliniň başlangyç, orta we ýokary derejeleri okadylyp, her dereje 4 tapgyrdan ybarat we jemi 12 tapgyrdan ybarat bolan okuw ulgamy alnyp barylýar. Bulardan daşary, gepleşikde we telekeçilik işinde ulanylýan koreý diliniñ edebi normalaryny öwretmek üçin Koreýadan ýörite çagyrylan koreý mugallymy işleýär. Bu sapaklaryň kömegi bilen öwrenijiler koreý dilinde erkin geplemek endiklerini ýokary derejede ösdürýärler. Ýylyň dowamynda jemi 3 sany okuw tapgyry bar we her okuw tapgyry 14 hepde dowam edýär. Okuwlar tölegli we her tapgyryň bahasy 400 manat.

Merkezde koreý dilini öwrenijileriň sany her tapgyr artýar. Häzirki wagtda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezinde 110 sany öwreniji bilim alýar. Şeýle hem, okuw merkezinde islendik ýaşdaky adamlar bilim alyp bilýär.

Aşgabat şäherindäki Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Rus dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji gatynda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin:

Tel: +993(63)958377

E-mail: ashgabat.kingsejong@gmail.com

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/korey-dilini-owrenmek-isleyanler-ucin-amatly-we-elyeterli/