Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


PsihologiýaSlider

Köpçülikde nädip üstünlikli çykyş etmeli?

Oratorlyk sungaty

Köpçülikde üstünlikli çykyş etmek üçin näme zerur? Bu soraga jogap bermek  üçin çykyş edýän adamyň temasyny nähili derejede taýýarlamalydygy hem-de sesiniň we hereketleriniň nähili bolmalydygy barada käbir düşünjeleri bereris.

Çykyşa taýýarlyk. Ilki bilen çykyş taýýarlamak üçin onuň temasyny dogry saýlamak zerurdyr. Elbetde, çykyş edýän adam özüniň içgin bilýän temasyndan çykyş etse has ýerlikli bolar. Çykyş etjek temaňy taýýarlamazdan öň onuň meýilnamasyny düzmeli, düzülen meýilnamalara jogap tapmaly we temanyň esasy bölegini ýazmaly. Hökmany suratda saýlan temaňa görä näme beýan etjek bolýandygyňy çözmeli. Mysal üçin, şol temanyň içinde bir zady suratlandyrmalymy, bir zady anyk açyp görkezmelimi ýa-da täze maglumatlary beýan etmelimi?! Temany saýlap, ony taýýarlap bolanyňdan soň, ony halk köpçüligine ýetirmegi, has takygy, jemagata mynasyp baha bermegi başarmaly.

Işiň tapgyrlary:

  • Temany ýa-da aýdyň beýan edilen durmuş mysallaryny, taryhy wakalary, çeper edebiýatlary saýlap almaly.
  • Meseläni, ýagdaýy seljermeli.
  • Meselede öz garaýyşlaryň bolmaly.
  • Temanyň logiki taýdan yzygiderliligini kesgitlemeli.
  • Netijäni delillendirmeli.
  • Çykyşyň äheňiniň hem-de diliň üstünde işlemeli.
  • Çykyşa öňünden taýýarlanmaly.

Çykyşyň düzümi:

  • Giriş – çykyşyň 10-15% tutýar.
  • Esasy bölek – 60-65% tutýar.
  • Jemleýji söz – 20-30% tutýar.

Giriş – bu esasy zerur bölek bolmak bilen, onda, esasan hem, tekstiň atlandyrylyşy, taýýarlan çykyşyň gysgajyk beýany we öňde goýlan maksady bellenip geçilýär.

Esasy bölek -bu tekstiň esasy pikiriniň hemmetaraplaýyn açylyp görkezilýän bölegi bolup durýar. Munda, esasan, dürli nukdaýnazardan garamaklyk talap edilýär. Çykyşyň beýany aýdyň we takyk görnüşde açylyp görkezilmeli. Köp delillere we gerekli bolan mysallara esaslanyp çykyş etmek täsirli bolýar. Eger-de çykyş köp sanlara esaslanýan deliller bilen berlen bolsa, onda olary jedwele ýerleşdirip beýan etmek has amatly hasaplanýar. Şeýle-de çäklendirilen wagtda köp delilleri beýan etmäge çalyşman, belli bir delili doly açyp görkezmäge çalyşmaly.

Jemleýji söz – bu çykyşyň netijesini delillendirmek bilen tamamlanýar. Bu bölekde girişiň hem-de esasy bölegiň ähli taraplary açylyp, gysgaça beýan edilýär.

Pälwan RESULOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com