
«Kökçi» hojalyk jemgyýetinde ýylyň iki aýynyň dowamynda 9 müň 742 sany akkumulýator öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3 müň 542 sany köpdür.
Önümiň 4 müň 210-sy fewral aýynda öndürildi.
Türkmenistanyň içerki bazarynda hem, daşarky bazarda hem hojalyk jemgyýetiniň önümine bolan isleg uly. Ýylyň başyndan bäri akkumulýatorlaryň 1060-sy Owganystana eksport edildi.
«TürkmenGazet».